Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Waşingtonda türkmen aktiwistlerini we syýasy tussaglaryny goldaýan mitingler geçirildi


Waşingtondaky Türkmen ilçihanasynyň baýdagy
Waşingtondaky Türkmen ilçihanasynyň baýdagy

31-nji iýulda Waşingtonda birbada iki miting geçirildi, olarda türkmenleriň syýasy tussaglar meselesi gozgaldy diýip, “Turkmen.News” neşiri habar berýär. Mitingleriň biri Türkiýäniň ilçihanasynyň öňünde, beýlekisi Türkmenistanyň ilçihanasynyň öňünde geçirildi.

Türkiýäniň ilçihanasynyň öňünde toplanan aktiwistler diplomatlary Türkmenistanyň aňtaw gullugy bilen hyzmatdaşlyk etmezlige çagyrdylar. Olar “Adamlar gazdan has gymmat”, “Atatürkiň mirasyna dönüklik etmäň” diýen şygarlara gygyrdylar.

Şeýle-de, miting wagtynda Türkiýede tussag edilen we Türkmenistana deportasiýa edilen aktiwistleriň atlary sanaldy.

Täze atlar, hususan-da Merdan Muhammedowyň ady agzaldy. Türkiýede ýaşan Muhammedow HSM Habar YouTube kanalynda türkmen oppozisionerleri Halmyrat Söýünow we Sapar Yklymow bilen bile işleşýärdi, ol soňky döwürde geçirilen reýdleriň birinde tussag edildi, şondan bäri ol hakda hiç zat bilinmeýär diýip, habarda aýdylýar.

Türkmen ilçihanasynyň öňünde geçirilen mitingde türkmen syýasy tussagy, 22 ýyl azatlykdan mahrum edilen we dermansyz dert bilen keselhanada oturan Mansur Mingelow hem ýatlandy.

Bu mitinglere ne türkmen, ne-de türk häkimiýetleri reaksiýa bildirdi.

XS
SM
MD
LG