Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrainada goranmak ministri Umerowa garşy jenaýat işi açyldy - Радiо Свобода


Ukrainanyň goranmak ministri Rustem Umerow. Arhiw suraty
Ukrainanyň goranmak ministri Rustem Umerow. Arhiw suraty

Ukrainanyň Korrupsiýa garşy Milli Býurosy (NABU) ýurduň goranmak ministri Rustem Umerowa garşy jenaýat işini açdy.

Ol Goranyş enjamlaryny satyn almak baradaky agentligiň başlygy Marina Bezrukowayň iş şertnamasynyň möhletini uzaltmakdan ýüz öçürilmegi, agentligiň Gözegçilik geňeşiniň iki agzasynyň, Taras Çmut we Ýuriý Jigiriň yzyna çagyrylmagy sebäpli öz ygtyýarlyklaryndan ýa-da resmi wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmakda güman edilýär diýip, NABU-nyň AÝ/AR-nyň Ukraina gullugynayň resmi soragyna beren jogabynda aýdylýar.

Derňew Korrupsiýa garşy hereket merkeziniň beren beýanaty esasynda başlandy. Ol Ukrainanyň Jenaýat kodeksiniň 364-nji maddasynyň 2-nji bölümi boýunça derňelýär.

Ýagny onuň öz ygtyýarlyklaryndan hyýanatçylykly peýdalanyp ýa-da resmi wezipäni ulanmak arkaly agyr netijelere sebäp bolmak ähtimallygy barlanýar.

Eger günäli tapylsa, ol jenaýat üçin üç ýyldan alty ýyla çenli azatlykdan mahrum edilip bilner.

Umerow özüne garşy jenaýat işiniň açylandygy baradaky habara häzirlikçe düşündiriş bermedi.

Ukrainanyň goranmak ministri 24-nji ýanwarda Gözegçilik geňeşiniň kararyna garşy durup, Bezrukowa bilen baglaşylan şertnamany uzaltmakdan ýüz öwürdi we onuň möhletini uzaltmak üçin ses beren Çmut bilen Jigiri yzyna çagyrdy.

Umerow Bezrukowany goşuny ok-däri bilen üpjün etmegi başarmazlykda günäkärledi. Ministr onuň ornuna Döwlet logistika operatorynyň başlygy Arsen Žumadilowy belledi.

XS
SM
MD
LG