Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina urlan howa zarbalary, top oklary ölüme, ýaşaýjylaryň ýaralanmagyna sebäp boldy


Ukrain esgerleri
Ukrain esgerleri

Russiýa 27-nji iýun güni irden Ukraina howa zarbalaryny urup, gündogar Donetsk sebitinde, front liniýalarynda ýerleşýän ilatly nokatlary topa tutdy we azyndan bir adamyň ölmegine, 14 adamyň ýaralanmagyna sebäp boldy diýip, harbylar we sebit resmileri aýtdy.

Heläk bolan adam senagat şäheri bolan Toretsk topa tutulanda öldi, ýaralanan adamlar Memryk, Selidowo we Komar şäherleriniň ýaşaýjylary diýip, sebit häkimi Wadym Filaşkin telegramda habar berdi.

Ukrain goşuny Russiýanyň 27-nji iýun güni irden ukrain topraklaryna alty sany ganatly raketa we 23 sany pilotsyz uçar bilen hüjüm edendigini aýtdy.

Ukrainanyň howa goragçylary raketalaryň bäşisini we ukrain topragyndaky nyşanalara gönükdirilen pilotsyz uçarlaryň ählisini urup gaçyrdy diýip, harbylar aýtdy.

Günbatar Hmelnytskiý sebitiniň häkimi Serhiý Týurin telegramda sebitiň asmanyna aralaşan dokuz nyşananyň urlup gaçyrylandygyny, parahat ilatyň arasynda ýitgi habarynyň ýokdugyny aýtdy.

Günorta Mikolýiw sebtiniň asmanynda alty sany pilotsyz uçar we üç sany ganatly raketa uruldy diýip, gubernator Witaliý Kim aýtdy. Ol ejir çekeniň ýokdugyny hem sözüne goşdy.

Günortadaky Herson sebitinde bolsa, sebit häkimi Oleksandr Prokudiniň sözlerine görä, 27-nji iýun güni irden iki pilotsyz uçar urlup ýykyldy. Ol Russiýanyň bir gün öň atan top oklarynyň bir parahat adamy öldürendigini, 16 sany parahat adamy, şol sanda iki çagany ýaralandygyny hem sözüne goşdy.

Russiýa günortadäky Dnipropetrowsk sebitine, Dnieper derýasynyň kenaryndaky Nikopol şäherine hem uly artilleriýa hüjümini etdi diýip, sebit gubernatory Serhiý Lysak telegramda aýtdy. Ol öz sebitiniň asmanynda bir pilotsyz uçaryň urlandygyny hem sözüne goşdy.

Mekdeplere we çagalar baglaryna zyýan ýetdi diýip, Lysak aýtdy. Ol pida bolanlar barada hiç zat aýtmady.

Şu aralykda, Russiýanyň Goranmak ministrligi hem ýurduň howa goragçylarynyň Ukrainanyň ýedi sany pilotsyz uçaryny urlandygyny aýtdy. Ukrain dronlarynyň dördüsiniň Twer sebitinde, iki sanysynyň Moskwa sebitinde we biriniň Belgorod sebitinde urlandygy aýdylýar.

“Sota” neşiriniň şaýatlaryň maglumatlaryna esaslanyp ýazmagyna görä, Twer sebitinde awiasiýa ýangyjyny öndürýän Redkinskiý tejribe zawodyna dron hüjümi edildi. Bu zawod mundan öňem dron hüjümlerine sezewar bolupdy.

Russiýanyň edýän üznüksiz hüjümleri netijesinde energiýa infrastrukturasy weýran bolan Ukraina soňky birnäçe aýyň dowamynda Russiýanyň içinde ýangyç öndürilýän ýerleri, hususan-da nebiti gaýtadan işleýän desgalary barha kän nyşana alýar.

Forum

XS
SM
MD
LG