Mary welaýatynda çilim gytçylygy emele geldi. Öňümizdäki ýyla çenli ýurdy temmäki önümlerinden arassalamagy meýilleşdirýän Türkmenistanyň häkimiýetleri gytçylygyň sebäbi barada ilata aç-açan düşündiriş bermeýär.
Ýöne bu ýagdaý, sebitiň dükanlarynyň aglabasynda çilimiň satuwdan aýrylmagyna, käbir dükanlarda bolsa, onuň çäkli möçberde däneläp satylyp başlanmagyna we bahasynyň soňky bir aýyň dowamynda ikinji gezek iki esse gymmatlamagyna getirdi.
“Mary şäheriniň merkezinde, A.Nyýazow köçesiniň ugrunda ýerleşýän “Bagtyýarlyk” bazarynda lomaý we arzan bahadan çilim satylýan dükanda çilimiň paçkaly, ýagny gutulap satylmagy bes edildi. Bu dükan öň paçkasy 60 manatdan satylan çilimiň dänesini 7 manatdan satyp başlady. Öň bu çilimiň her bir dänesi 3 manada düşýärdi” diýip, maryly ýaşaýjy her bir adama bäş däne çilimden artyk satylmaýandygyny hem anonim şertde gürrüň berdi.
Welaýatyň dürli sebitlerindäki ýaşaýjylar bilen söhbetdeş bolan habarçymyz häzir iň arzan çilimi gürrüňi edilýän dükanda tapsa bolýandygyny, beýleki dükanlarda çilim satuwa çykarylan halatynda, onuň her dänesiniň 10 manatdan satylýandygyny hem belledi.
“Şol sebäpden lomaý we beýleki ýerlere seredeniňde arzan çilim satylýan dükanyň agzynda adamlaryň uly nobatyny görse bolýar. Käbir adamlar çilim satyn alyp, soňra has gymmada satyp, peýda görmek üçin nobata durýar. Käbir adamlar bolsa, çekjek çilimini almak üçin nobata durýar. Hatda nobata duranlaryň arasynda hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri hem bar” diýip, ýaşaýjy şaýat bolan ýagdaýlaryny anonim şertde gürrüň berdi.
Marynyň häkimiýetleri çilim gytçylygy we onuň sebäpleri barada aç-açan beýanat etmeýär. Dükan işgärleriniň birnäçesi alyjylara beren maglumatynda özlerine çilimiň bahasyny gymmatlatmak we ony çäkli möçberde satmak barada tabşyryk berlendigini aýtmak bilen çäklenýär.
Habarçymyz çilim gytçylygynyň we onuň bahasynyň iki esse gymmatlamagynyň sebäbi barada ilat arasyndaky gürrüňlerde iki pikiriň ýaýraýandygyny aýdýar.
Bir topar, munuň sebäbini ýaňy-ýakynda bolup geçen ýagynly howada Aşgabatda we eteklerinde ýerleşýän çilim ammarlaryny sil suwlarynyň basyp, temmäki önümleriň zaýalanmagy bilen düşündirýär. Beýleki topar bolsa, bu çäreleriň çilimiň uly möçberde söwdasyny edýän telekeçilerden biriniň tussag edilmegi bilen baglanyşyklydygyny aýdýar.
Azatlyga ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada degişli ýerli häkimiýetlerden, şol sanda Marynyň söwda edarasyndan teswir almak başartmady.
Türkmenistan ýurdy temmäki önümlerinden doly azat etmek boýunça 2022-2025-nji ýyllar üçin ýörite milli maksatnama kabul etdi. Türkmen hökümeti bu maksatnamanyň çäginde 2025-nji ýyla çenli ýurdy temmäki önümlerinden arassalamagy meýilleşdirýär.
Soňky ýyllarda ýurtda temmäki önümleriniň bahalary we bu önümlere degişli gümrük, salgyt we beýleki goşmaça tölegler yzygiderli ýokarlandyryldy.
Ýurtda çilimiň bahasy soňky gezek geçen aýda gymmatlap, 50 manat bolan çilimler 100 manatdan satylyp başlandy. Çilim we beýleki temmäki önümlerine salynýan goşmaça gümrük tölegleri soňky gezek şu ýylyň 1-nji ýanwarynda ýokarlandyryldy.
Ýerli synçylaryň birnäçesi anonim şertde beren maglumatynda türkmen hökümetiniň bir taraply görnüşdäki bu tagallalarynyň arasynda, temmäki önümlerine bolan garaşlylygy azaltmak boýunça çäreleriň, çilime alternatiwalaryň, maslahat we hemaýat beriş merkezleriniň göze ilmeýändigini aýdýar.
Marydaky habarçymyz çilimiň bahasynyň ýokarlandyrylmagynyň, hususan-da, soňky gymmatlamanyň ilat arasynda her hili ot-çöplerden ýasalan mahorka bolan talabyň artmagyna hem getirýändigini habar berýär. Bu bolsa, mahorkanyň bahasynyň hem ýokarlanmagyna alyp barýar.
“Şu gün Baýramaly etrabynyň bazarlarynda hili pes mahorkanyň 1 kilogramynyň bahasy 400 manat bahalanýar. Geçen hepde hili gowy hasaplanýan mahorkanyň 1 kilogramy 300 manatdan satylýardy” diýip, baýramalyly ýaşaýjy anonim şertde habarçymyza gürrüň berdi.
Bu aralykda, habarçymyz polisiýa işgärleriniň kiçi dükanlara gözegçiliginiň artandygyny, olaryň ýasama çilimiň we beýleki temmäki önümleriniň satuwyna garşy göreşýändigini aýdýar.
“Käbir adamlar bolsa, pursatdan peýdalanyp, häzirden etraplaryň çetki obalaryndaky dükanlara aýlanýarlar. Olar çilimiň gymmatlandygyny bilmeýän söwdagärlerden ähli çilimlerini öňki, arzan bahadan satyn alyp gaýtmana we gizlin satýan telekeçilere geçirip başladylar” diýip, ýagdaýlardan habarly maryly ýaşaýjy anonim şertde gürrüň berdi.
Türkmenistanyň metbugaty bu ýagdaýlar barada habar berip, mesele gozgamaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum