30-njy iýulda irden Russiýanyň Kurks regionynyň üstünde Ukrainanyň atan dört raketasy uruldy diýip, Kurskyň häkiminiň wezipesini ýerine ýetiriji Alekseý Smirnow aýtdy.
Onuň sözlerine görä, raketalar regionyň Oktýabrskiý we Kurçatowskiý etraplarynyň üstüne urlupdyr. Sosial media ulanyjylary Kursk şäheriniň asmanynda hem partlamalary synlandyklaryny aýtdylar.
Adam ýitgileri ýa-da heläkçilikler barada bada-bat maglumat gowuşmady.
Ukraina bu barada kommentariýa bermedi.
Bu aralykda, Russiýanyň güýçleri Ukrainanyň günortasyndaky Herson regionynyň Çornobaýiwka şäherine zarba urup, bir adamy ýaraladylar. Bu barada ýerli harby administrasiýa mälim etdi.