Ukrainanyň Harby howa güýçleriniň serkerdesi Russiýanyň Kursk regionyndaky ikinji köprä zarba urlandygyny aýtdy. Bu Kiýewiň Russiýanyň sebitdäki söweş ukyplylygyny peseltmek ugrundaky tagallalarynyň arasynda amal edildi.
“Ýene bir köpri aýryldy” diýip, 18-nji awgustda Harby howa güýçleriniň serkerdesi Mykolo Olesçuk Telegram kanalynda mälim etdi.
Moskwa entek bu zarba bilen bagly beýanat bermedi.
Bu soňky ýagdaý Ukrainanyň Kursk regionyna amala aşyrýan garaşylmadyk hüjüminiň tas ikinji hepdesinde bolup geçdi.
Mundan öň, russiýaly harby bloggerler zarba urlan birinji köpriniň suratlaryny paýlaşypdylar. Russiýanyň howpsuzlyk resmilerine görä, Zwannoýe obasynyň golaýyndaky, Seým derýasynyň üstünden geçýän bu köprä zeper ýetirilmegi netijesinde, Gluşkow etrabynyň bir bölegi kesilipdir.