Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşmak üçin Nýu-Ýork şäherine iş saparyna bardy. Türkmen metbugaty bu saparyň 20-nji sentýabra çenli dowam etjekdigini habar berýär.
Türkmen prezidenti bu saparyň çäklerinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisine, şeýle-de Merkezi Aziýa ýurtlary bilen ABŞ-nyň “С5+1” görnüşdäki köptaraply duşuşygyna gatnaşar.
Mundan başga, döwlet baştutanynyň birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyk geçirmegine, şol sanda BMG-niň Baş sekretary bilen duşuşmagyna garaşylýar.
TDH-nyň bellemegine görä, BMG bilen köpugurly hyzmatdaşlyk oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik hem-de netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.
TDH-nyň 18-nji sentýabrda beren habaryna görä, Serdar Berdimuhamedow Nýu-Ýorkda Ýewropa Bileleşiginiň başlygy Şarl Mişel bilen duşuşdy. Döwlet eýeçiligindäki neşiriň tassyklamagyna görä, Aşgabat bu bileleşik bilen dostlukly gatnaşyklary hem-de netijeli dialogy pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýär.
Söhbetdeşligiň barşynda gatnaşyklaryň esasy ugurlary we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi barada pikir alşyldy.
Şeýle-de, türkmen lideri Koreýa Respublikasynyň prezidenti Ýun Sok Ýol, Bütindünýä söwda guramasynyň baş direktory Ngozi Okonjo-Iweala, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşdy.
Duşuşyklarda edilen gürrüňleriň anyk temalary ýa-da beýleki jikme-jiklikleri barada habar berilmeýär.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisi 5-nji sentýabrynda, Nýu-Ýorkda açyldy.
Forum