Türkmenistanyň howanyň üýtgemegine uýgunlaşmagyň gerimine baha bermek üçin täze taslama taýýarlanýar diýip, hökümetçi türkmen onlaýn neşirleri ýazýar. Soňky ýyllarda Türkmenistanyň çäginde adaty bolmadyk howa şertleri we tebigy hadysalar ýygjamlaşdy.
Maglumata görä, iýulyň başynda Aşgabada Aziýanyň ösüş bankynyň we “FutureWater” maslahat beriş kompaniýasynyň wekiliýeti gelip, olar Türkmenistanyň Oba hojalygy we Daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň, şeýle hem suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň hünärmenleri bilen duşuşypdyrlar.
Teklip edilýän taslamada, şol sanda mitigasiýa, ýagny parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak strategiýalarynyň hem bardygy aýdylýar. Bellesek, mundan öň Türkmenistan dünýäniň iň erbet metan syzdyryjysy hökmünde tanaldy.