Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň Eýrandan import edýän harydy köpelýär


Türkmen-eýran araçagi
Türkmen-eýran araçagi

2024-nji ýylyň 20-nji martyndan 2025-nji ýylyň 19-njy ýanwaryna çenli aralykda, Eýran senenamasy boýunça şu ýylyň ilkinji 10 aýynda bu ýurduň türkmen bazaryna eksport eden nebit däl harytlarynyň umumy bahasy 25 göterim artdy diýip, “Türkmenportal” “Tehran Times” neşirine salgylanyp habar berýär.

Has anygy, bu döwürde Eýran Türkmenistana umumy bahasy 460 million amerikan dollaryna barabar nebit däl harytlary eksport edipdir.

Beýleki ýurtlardan tapawutlylykda, Türkmenistan öz eksport, import maglumatlaryny doly aýan etmeýär we hökümetçi neşirler bu hili habarlary köplenç goňşy ýurtlaryň neşirlerine salgylanyp berýärler.

Türkmenistan birnäçe ýyl öň import edilýän harytlaryň ornuny tutýan ýerli önümleri köpeltmek we içerki bazardan artan azyk, gurluşyk harytlaryny eksport etmek ýoluna düşendigini aýdypdy.

XS
SM
MD
LG