Russiýanyň Orenburg oblasty boýunça oba hojalyk gözegçisi “Rosselhoznadzor” 28-nji dekabrda we 9-njy ýanwarda ammarlarda geçiren fitosanitariýa barlagynda Türkmenistandan getirilen 37 tonna pomidorda zyýankeş mör-möjekleri anyklady. Bu barada rus gözegçi edarasy 10-njy ýanwarda habar berdi.
Maglumata görä, ýerli kanunçylyga laýyklykda önümleriň ýurda salynmagyna gadagançylyk girizilipdir, muňa günäkär şahs administratiw jogapkärçiligine çekilipdir we ýük gelen ýurduna yzyna iberilipdir.
Russiýa mundan ozalam Türkmenistandan gelen pomidorlarda dürli zyýanly mör-möjekleri anyklapdy. “Türkmenistanyň Hronikasy” neşiri geçen ýylyň dekabryndaky ýagdaý hem hasaba alynsa, onda 2023-nji ýylyň dowamynda “Rosselhoznadzoryň” Türkmenistandan gelen önümlerde 10 gezek zyýanly mör-möjekleri ýüze çykarandygyna ünsi çekýär.
Russiýa 2021-nji ýylyň aprelinde fitosanitariýa aladalaryna esaslanyp, Türkmenistandan gök-bakja önümleriniň import edilmegine gadaganlyk girizipdi. Ýöne Russiýa Ukraina esassyz goşun girizmeginiň yz ýany, halkara sanksiýalara sezewar bolan Moskwa 2022-nji ýylyň martynda bu gadagançylygy ýatyrdy. Gadaganlygyň ýatyrylmagy türkmen tarapynyň Russiýa Federasiýasynyň fitosanitariýa talaplaryny berjaý etmegi bilen ilteşdirildi.
Türkmenistanyň oba hojalyk resmileri daşary ýurtlara eksport edilýän gök-bakja önümlerinde karantin organizmleriniň, şol sanda zyýankeş mör-möjekleriň tapylmagy baradaky habarlar boýunça beýanat bermeýär.