Daşary syýasat edarasynda Türkmenistanyň adam hukuklary babatdaky halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň mejlisi geçirildi diýip, türkmen metbugaty 14-nji fewralda habar berdi.
Mejlisiň işine degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary wekilleri, ýurduň adalatçysy, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň hem-de jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Gün tertibine laýyklykda, toparyň geçen ýylda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy we “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen 2025-nji ýylda öňde goýlan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
“...çykyş edenler raýatlaryň kanuny bähbitleriniň halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda goralmagynyň Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny bellediler" diýip, habarda hiç bir jikme-jiklik getirilmezden aýdylýar.
Şeýle-de, halkara ynsanperwer hukugy boýunça Türkmenistan bilen Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň arasyndaky hyzmatdaşlyk barada pikir alşylandygy bellenýär.
Pikir alyşmalaryň çäginde pudagara toparyň ilatyň hukuk bilimliligini ýokarlandyrmak, hukuk maglumatlaryna elýeterliligi giňeltmek meselelerini ileri tutýandygy aýdyldy.
Türkmenistan halkara hukuk toparlary we soňky ýyllarda sosial mediada pikirlerini aýdýan türkmenistanlylar tarapyndan adam hukuklary boýunça öz boýun alan borçnamalaryny doly ýerine ýetirmezlikde yzygiderli tankyt edilýär.