Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 29-njy iýulda başlan kadr çalyşmalaryny dowam etdirip, dynç alşa çykan wagtynda, 13-nji awgustda ýene bir metbugat ýolbaşçysyny täzeledi.
Resmi habara görä, Ýagmyr Nuryýew, saglyk ýagdaýy sebäpli, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Türkmenistan” teleýaýlymynyň başlygy wezipesinden boşadyldy.
“Türkmenistan” teleýaýlymynyň başlygy wezipesine Gurbandurdy Begenjow bellenildi.
Prezident mundan öň Guwançmyrat Amangeldiýewi “Bereketli toprak” gazetiniň baş redaktory wezipesine belledi, bu gazetiň öňki ýolbaşçysy Azat Jepbarow geçen ýylyň güýzünde Türkmenistanyň prezidentiniň metbugat sekretary wezipesine bellenipdi.
Ýerli synçylar türkmen prezidentleriniň baş redaktorlary işe bellemek we wezipeden boşatmak baradaky kararlarynyň Metbugat hakyndaky kanuna gabat gelmeýändigini aýdýarlar.