Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan mejbury çäreler bilen Garaşsyzlygyň 33 ýyllygyny belleýär


Dabaraly ýöriş. Aşgabat. Arhiwden alyndy, 2017 ý.
Dabaraly ýöriş. Aşgabat. Arhiwden alyndy, 2017 ý.

27-nji sentýabrda Türkmenistan Garaşsyzlygyň 33 ýyllygyny belledi. Bu mynasybetli Aşgabatdaky Döwlet münberiniň öňündäki meýdançada dabaraly ýöriş geçirildi.

Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligine görä, ir bilen prezident Serdar Berdimuhamedow hökümet agzalary bilen bilelikde Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy.

Şeýle-de, döwlet media serişdeleri baýramyň öňüsyrasynda Garaşsyzlygyň 33 ýyllygy mynasybetli raýatlar toparynyň orden, medallar we hormatly atlar bilen sylaglanandygyny habar berdi.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary baýramyň öň ýany, ýurt raýatlarynyň dabaralara taýýarlyk çärelerine mejbury çekilmegi barada habar berdiler. Şol bir wagtda, baýramçylyga taýýarlyk çäreleriniň çäklerinde içerki migrantlary paýtagtdan kowup, olary öz ýaşaýan welaýatlaryna mejbury ibermek işleri hem batlandy.

Dabaraly ýörişe taýýarlyk maşklary Aşgabatda eýýäm 5-nji awgustda başlandy. Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýörişe gatnaşmaly edilen býujet işgärleriniň “Dagdan” stadionynda yssy howada repetisiýalara çekilendiklerini habar berdiler. Mejbury çärelere çekilen býujet işgärleri alaçsyz hökmanylyklardan nägile boldular.

Awgustyň ahyrlarynda welaýatlardan bolan býujet işgärleri baýramçylyga taýýarlyk çäreleriniň çäklerinde paýtagt Aşgabada ugradylyp başlandy. Azatlygyň habarçysy bu mynasybetli Balkan welaýatynda medeniýet işgärleriniň öz maddy serişdeleriniň hasabyna 30 gün möhlet bilen mejbury görnüşde paýtagta iberilendigini habar berdi. Bu hökmanylyklardan boýun gaçyran 10 çemesi býujet işgäri işlerinden boşadyldy.

Sentýabryň birinji hepdesinde habarçylar paýtagtda köpçülikleýin arassaçylyk işleriniň güýçlendirilip, jemagat hojalygy müdirliginiň işgärleri bilen bir hatarda beýleki döwlet edara-kärhanalarynyň işgärleriniň, şeýle-de talyp ýaşlaryň arassaçylyk işlerine çekilendiklerini habar berdi.

Dabaraly ýörişe taýýarlyk çäreleriniň esasy bölegi Köpetdag şaýolunyň ugrunda ýerleşýän Döwlet münberiniň töwereginde geçirildi. Çärelere gatnaşýan talyp ýaşlar her gün ir bilen awtobuslarda ýokary okuw jaýlaryndan Döwlet münberine daşaldy.

Taýýarlyk çäreleri şäherdäki awtobus gatnawlaryna-da täsir etdi. Ýolagçy awtobuslarynyň çärelere çekilmegi bilen, şäher ýaşaýjylary bu döwürde awtobuslara has köp garaşmaly bolandyklaryny aýtdylar.

Bu aralykda, ýörişlerde zerur bolan baýramçylyk şarlaryny we döwlet baýdaklaryny satyn almak üçin mejbury çärelere çekilen talyp ýaşlardan pul toplandy. Azatlygyň habarçylary şeýle maksatlar bilen paýtagtyň ýokary okuw jaýlarynda çärelere çekilen ýaşlardan adam başyna 20 manatdan pul serişdeleriniň ýygnalyp alnandygyny habar berdiler.

Bu çärelere parallel, ýurt boýunça howpsuzlyk çäreleri güýçlendirildi. Käbir sebitlerde gije sagat 21:00-dan soňra köçä çykýan adamlardan şahsyýetnamalar soralyp başlandy. Paýtagtda patrullyk edýän polisiýa ulaglary güreldi. Şeýle-de, güýç edaralary bazarlarda we köpçülik ýerlerinde raýatlara gözegçilik işlerini güýçlendirdi.

Bulardan başga-da, içerki migrantlar, şol sanda welaýatlardan gelip esasan paýtagt Aşgabatdaky gurluşyk meýdançalarynda zähmet çekýän raýatlar polisiýa tarapyndan tutulyp, öz ýaşaýan sebitlerine mejbury görnüşde ugradylyp başlandy. Häkimiýetler özleriniň bu hereketlerini hem Garaşsyzlyk baýramyna taýýarlyk çäreleri hökmünde düşündirdi.

Welaýatlardan Aşgabada gatnaýan taksileriň hem paýtagta girmegine rugsat berilmedi. Azatlygyň habarçylary Mary we Lebap welaýatlarynyň döwlet belgileri bolan awtoulaglaryň Aşgabadyň eteginde ýerleşýän Änew şäherine-de goýberilmändigini habar berdi.

Şonda içerki migrantlykda bolýan türkmenistanlylar özleriniň öz ýurdunyň paýtagtyndan kowulmagyna garşylyk bildirdiler.

Şeýle mejbury çäreler bilen taýýarlyk görlen Garaşsyzlyk güni, 27-nji sentýabrda ir bilen hökümet resmileriniň Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasy bilen, hem-de dabaraly ýörişler bilen bellenip geçildi.

Türkmenistanda Garaşsyzlyk baýramy 1991-2018-nji ýyllar aralygynda 26-27-nji oktýabrda bellenilýärdi. Bu sene 2018-nji ýyldan başlap, 27-nji sentýabrda bellenip başlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG