Türkmenistan Katardan ýene energiýa, dokma senagaty pudaklaryna maýa çekmäge synanyşýar diýip, “Türkmenistanyň Hronikasy” katar neşirine salgylanyp habar berýär.
Kataryň palatasynyň administratiw we maliýe işleri boýunça müdiri Hussian Ýusef Al Abdulgani bilen Türkmenistanyň Söwda-senagat palatasynyň "Söwda öýi" kärhanasynyň başlygy Serdar Kepbanowyň Dohada bolan duşuşygynda Aşgabadyň daşary ýurt maýadarlary üçin dürli höweslendiriş çärelerini hödürleýändigi aýdyldy.
Şeýle-de, Kepbanow Kataryň Türkmenistanda energiýa, azyk we dokma önümçiligine maýa goýmagyna gyzyklanma bildirilýändigini, türkmen telekeçileriniň Katar bazaryndaky maýa goýum mümkinçiliklerini öwrenýändiklerini aýdypdyr.
Neşir türkmen işewürleriniň we iň ýokary ýolbaşçylarynyň mundan öňem Kataryň telekeçilerine ýerli önümleri birnäçe gezek görkezip, dokma senagatyna, derman önümçiligine, TOPH gaz geçirijisine we beýleki ugurlara maýa goýumlaryny çekmäge synanyşandyklaryny belleýär.
"Biznes Türkmenistan" neşiriniň maglumatynyna görä, Kataryň söwda palatasynyň geňeşiniň agzasy Mohamed bin Ahmed Al Obaidly şu ýylyň iýul aýynda iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen katar-türkmen işewürlik geňeşini döretmegi teklip etdi.
Şu aralykda goňşy Özbegistanda türkmen maýasynyň hasabyna açylýan kärhanalaryň sanynyň barha köpelýändigi mälim boldy.