Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Türkmenhowaýollary" Moskwa uçuşlaryny martyň ahyryna çenli togtatdy


Türkmenistan howa ýollary kompaniýasynyň nyşany.
Türkmenistan howa ýollary kompaniýasynyň nyşany.

“Türkmenistan” howaýollary kompaniýasynyň Aşgabat-Moskwa-Aşgabat ugry boýunça uçar gatnawlary 2025-nji ýylyň 31-nji martyna çenli ýatyryldy. Bu barada kompaniýa özüniň Telegram sahypasynda bildiriş çap etdi.

Satyn alnan biletleriň pullaryny yzyna gaýtaryp almak üçin kompaniýa bilen habarlaşmak maslahat berilýär.

Uçar gatnawlarynyň ýatyrylmagynyň sebäpleri aýdylmaýar.

Geçen ýylyň ahyrlarynda Azerbaýjan howaýollary kompaniýasynyň Russiýa barýan uçarynyň Gazagystanyň Aktau şäherinde howa heläkçiligine uçramagynyň yz ýany, Türkmenistanyň milli daşaýjysy 30-njy dekabr – 31-nji ýanwar aralygynda Moskwa ugry boýunça uçar gatnawlaryny togtadypdy.

Soňra bu ýagdaý marta çenli uzaldyldy.

Russiýanyň S7 howa ýollary kärhanasy häzirki wagtda iki ýurduň arasynda yzygiderli uçuşlary amala aşyrýan ýeke-täk kompaniýa bolup durýar.

XS
SM
MD
LG