Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat: Köçeleriň ýapylmagy we bökdençlikler


Aşgabadyň köçeleriniň biri.
Aşgabadyň köçeleriniň biri.

Şu gün Aşgabatda azyndan iki saglyk edarasynyň açylyş dabarasy bilen baglanyşykly paýtagtyň demirgazyk we günorta böleklerinde ençeme köçe ýapyldy.

Şäheriň Bitaraplyk şaýolunyň Atamyrat Nyýazow şaýoly bilen kesişýän böleginden, ýagny Oguzkent myhmanhanasynyň ýerleşýän ýerinden başlap, tä Aşgabat-Daşoguz gara ýoluna çenli aralykda howpsuzlyk we Ýol gözegçilik gullugynyň işgärleriniň ulaglaryndan başga hiç hili hereket bolmady.

Munuň bilen baglylykda Magtymguly we Bitaraplyk şaýollary bilen kesişýän we olara ugurdaş köçeleriň hem ençemesi, şol sanda Görogly, Mäti Kösäýew köçeleri azyndan alty sagatlap ýapyldy.

Bitaraplyk şaýoly we Magtymguly şaýolunyň ugrunda we olar bilen kesişýän ýa-da ugurdaş köçelerde ýerleşdirilen graždan eginbaşly howpsuzlyk we Ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri awtoulaglaryň hem pyýadalaryň hereketini duruzdylar.

Sebäbi barada düşündiriş berilmeýär

Şol ýollardaky sürüjiler bolsa, ýapyk çatryklardan geçip bilmän, ýollaryň açylaryna garaşmaly ýa-da aralyk köçelerden yzyna dolanmaly boldular. Edil sürüjiler ýaly, pyýadalar hem ýoldan geçip bilmän, jaýlaryň we beýleki binalaryň kölegesinde yssydan goranyp, ýollaryň açylaryna garaşdylar. Olaryň käbirleri bolsa, aralyk köçelerden ýöräp, barjak ýerine ýetdiler.

Bu kynçylyk ýaşaýjylaryň aýtmaklaryna görä, Aşgabadyň Çoganly sebitinde gurlan täze hassahananyň açylyş dabarasy bilen baglanyşykly döräpdir.

Köçeleriň näme sebäpden ýapylandygy barada hiç hili resmi düşündiriş ýa-da maglumat berilmese-de, Azatlyk radiosynyň habarçylarynyň aýtmagyna görä, bu çäre daňdan sagat 6 töweregi başlandy. Netijede, ir säherden başlap, ýapyk köçeleriň golaý-goltumynda maşyn dyknyşyklary emele geldi. Bu ýagdaý bolsa, paýtagtlylaryň ençemesi üçin kynçylyklary döretdi.

“Ýollaryň ýapylmagyndan bizar bolduk. Hasam tomsuň yssy jokrama howasynda gaty kyn degýär. Ne awtoulagy, ne-de awtobusy geçirýärler. Men barmaly ýerime gidip bilmän, 4 sagat bäri köçäniň açylaryna garaşyp otyryn” diýip, ýapyk köçeleriň golaýyndaky binalaryň biriniň kölegesinde oturan aşgabatly Dursun daýza aýdýar.

Şäheriň günorta köçeleri-de ýapyldy

Bu ýagdaýa şäheriň günorta böleginde ýerleşýän esasy köçelerdäki pyýadalaryň hem duş gelenini görmek bolýar. Paýtagtyň iň döwrebap köçeleri hasaplanýan Arçabil şaýoly, Çandybil şaýoly we Köpetdag etegi şaýoly, aýdylmagyna görä, bu sebitde täze saglyk edarasynyň açylmagy bilen baglanyşykly ýapyldy.

Munuň netijesinde bu köçeleriň golaýyndaky ýollarda hem pyýadalaryň we awtoulaglaryň hereketi durzuldy.

Arçabil we Köpetdag etegi şaýollary şäheriň daşyndan aýlaw bolup geçýän ýollar bolany sebäpli, bu köçeleriň ýapylmagy diňe paýtagtlylara däl, eýsem, Aşgabada Lebapdan, Marydan we Daşoguzdan gelýän awtoulaglara-da käbir bökdençlikleri döretdi.

Köçeleriň ýapyljakdygy barada öňünden bildiriş edilmeýär

Aşgabatly ýazyjy we synçy Amanmyrat Bugaýewiň ýerli ýaşaýjylara salgylanyp berýän maglumatyna görä, paýtagtda köçeler giňeldilýär, olaryň sany hem köpelýär, emma şonuň bilen birlikde ýollaryň ýapylmagy bilen baglanyşykly çäreleriň sany-da gün-günden artýar.

“Adamlar (bu ýagdaýa) öwrenişipdirler. Adamlar “biz ýapylmagyna-da razy, ähli zada-da razy, ýöne iň bolmanynda bir-iki gün ozal, ýerli gazetlerde halka bildiriş berilse, köçe ýapylmanka, irräk ýola düşerdik, möhüm işlerimizi bitirerdik. Ýa-da bolmasa, başga bir aýlawly ýollary tapyp, öz işimizi bitirerdik” diýip, nägile bolýarlar” diýip, ýerli synçy we ýazyjy Amanmyrat Bugaýew aýdýar.

Ýeri gelende bellesek, Aşgabatda ýollaryň, köçeleriň ýapylmagy bilen baglanyşykly ýagdaý ýygy-ýygydan gaýtalanýar. Emma ne şu gezek, ne-de mundan ozalky saparlarda ýollaryň ýapyljakdygy, olaryň sebäpleri barada telewideniýede ýa-da radioda halk köpçüligine maglumat berilmeýär.

XS
SM
MD
LG