Aşgabadyň merkezindäki “Türkmenbaşynyň ertekiler dünýäsiniň” ýerine täze bir seýilgäh gurmak meýilleşdirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi degişli bäsleşik yglan etdi.
Maglumatda 2006-njy ýylda açylan we il içinde “Disneýlend” diýlip hem atlandyrylýan, onlarça million dollara gurlan bu seýilgähiň aýrylmagynyň sebäpleri takyklaşdyrylmaýar.
Ozaky awtoritar prezident Saparmyrat Nyýazowyň ýurdy dolandyran ýyllarynda onuň şahsyýet kulty örän gözçykgynç dabaralandyrylýardy. Onuň resmi taýdan tutulýan “Türkmenbaşy” ady ýurduň çar künjegine ýaýrady.
Berdimuhamedowlaryň häkimiýete gelmegi bilen, synçylaryň belleýşi ýaly, Nyýazowyň şahsyýet kultunyň ornuna häkimiýet başyndaky maşgalanyň kulty ýaýbaňlanyp başlady.