Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde we onuň töwereginde gyzamyk keseli ýaýraýar. Şäheriň ýokanç keselleri hassahanasy gyzamyk bilen kesellän çagalardan doldy. Esasan mekdebe çenli we mekdep ýaşyndaky çagalaryň arasynda ýaýraýan bu kesel barada Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylary saglyk we bilim wekillerine salgylanyp habar berýärler.
“Häzir şäheriň ýokanç keselleri hassahanasynda 160 töweregi çaga bar. 150 orunlyk bu hassahana gelýän näsaglaryň köplügi sebäpli, onda diňe saglyk ýagdaýy agyr çagalaryň ýatmagyna rugsat berilýär” diýip, hassahananyň bir saglyk işgäri anonimlik şertinde gürrüň berdi.
Saglyk işgärleriniň birnäçesi gyzamygyň häzirki görnüşiniň çaltlyk bilen ýaýrap, gyzamyga garşy waksinanyň ähli dozasyny alan çagalara hem ýokuşýandygyny we keselçiligiň agyr geçýändigini aýdýar.
“Men saglyk pudagyndaky iş tejribämiň dowamynda waksina alan adamlarda gyzamygyň beýle çalt depginde ýaýramagyna we onuň agyr geçmegine birinji sapar şaýat bolýaryn" diýip, 7 ýyl gowrak wagt bäri Türkmenbaşynyň ýokanç keselleri hassahanasynda işleýän saglyk işgäri belledi.
Bilim wekilleriniň birnäçesi anonim şertde habarçymyza beren maglumatynda şäheriň käbir çagalar baglarynda körpeleriň aglabasyna gyzamygyň ýokuşandygyny aýtdy. Bularyň arasynda Türkmenbaşynyň 1-nji, 5-nji, 18-nji we 28-nji çagalar baglary bar.
“Çagalaryň aglabasy gyzamykdan öýlerinde bejergi alýarlar. Olar lukmanlaryň ýazyp beren dermanlaryny, witaminlerini içýärler. Olaryň saglyk bejergisiniň 15 gün dowam etjekdigi aýdylýar. Häzir gyzamyk ýokuşmadyk çagalar hem çagalar bagyna gatnamaýarlar” diýip, bilim işgäri gürrüň berdi.
Muňa garamazdan, gürrüňi edilýän çagalar baglary ýapylman, işlemegini dowam etdirýär. Çagalar baglarynyň işgärleri terbiýeçilik edaralaryny ýapmak üçin özlerine ýurduň Bilim hem-de Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliklerinden ýörite görkezmäniň iberilmelidigini aýdýarlar.
“Häzir biz adaty iş gününde bolşy ýaly çagalar bagyna barýarys. Bu ýerde tämizleýiş we beýleki işleri berjaý edýäris” diýip, çagalar baglarynyň biriniň terbiýeçisi belledi.
Azatlygyň bu ýagdaýlar barada Türkmenbaşynyň ýokanç keselleri hassahanasyndan we ýurduň Bilim hem-de Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliklerinden kommentariý almak synanyşyklary oňyn netije tapmady.
Öňüni alyp bolýan, ýöne örän ýokanç kesel hasaplanýan gyzamyk çaganyň ölümine sebäp bolup, ömürlik maýyp hem edip bilýär.
Balkanly lukmanlaryň birnäçesi häzir raýatlaryň arasynda halk tebipçiliginiň görnüşlerinden peýdalanyp, gyzamyga garşy göreşmäge çalyşýanlaryň bardygyny hem aýdýar.
Olar bu raýatlara, çagalarda ýa-da uly adamlarda gyzamygyň alamaty ýüze çyksa, haýal etmän, lukmanlara ýüz tutmagy maslahat berýärler.
Türkmenistanda gyzamyk keseliniň ýaýraýandygy barada şu aýyň başynda Aşgabatdaky habarçylarymyz hem maglumat beripdiler. Şonda saglyk wekilleri Çoganly etrabyndaky Ýokanç keselleriň öňüni alyş merkeziniň hassahanasynda gyzamyk bilen kesellän ýüzlerçe çaganyň ýatandygyny we olaryň köpüsiniň çagalar baglaryna gatnaýan körpelerdigini aýtdylar.
Türkmenistanyň häkimiýetleri we berk döwlet gözegçiligindäki media serişdeleri ýurtda gyzamyk keseliniň ýaýraýandygy barada köpçülige habar bermeýärler.
Gyzamygyň ýaýramagy bilen bagly ýagdaýlar soňky aýlarda Merkezi Aziýanyň beýleki ýurtlarynda, hususan-da, Gazagystanda we Gyrgyzystanda hem ýüze çykdy. Bu kesel bilen Gazagystanda 10 müňden gowrak adam, Gyrgyzystanda 2800-den gowrak adam keselledi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum