Türkmenabadyň köçelerinde polisiýanyň ilata gözegçiligi ýene-de güýçlendi. Şu günler gezelenje çykan jübütler, esasan ýaşlar polisiýanyň ünsüni çekýär. Polisiýa saklan jübütlere basyş edip, jerime salýar.
Lebap welaýatynyň administratiw merkezinde polisiýa işgärleriniň köçede gezelenç edýän ýaş jübütleri gorkuzyp, para alýandygyny Azatlygyň habarçylary 23-nji aprelde habar berdiler.
Olaryň maglumatlaryna görä, Türkmenabatda soňky günlerde ýaş ýigitleriň ençemesi halaşýan gyzlary bilen el tutuşyp, seýilgählerde we köçelerde gezelenç edendigi üçin jemgyýetçilik tertibine gözegçilik edýän polisiýa işgärleri tarapyndan saklanypdyr.
Ýerli çeşmeleriň gürrüň beren ýagdaýlarynyň biri şäheriň baş seýilgähleriniň birinde bolupdyr.
"Sagat 18:30 töweregi halaşýan gyzym bilen Baş Baýdak meýdançasynda, arygyň kenarynda gezelenç edip ýörkäm, garşymyzdan seržant pagonly ýaş polisiýa işgäri çykyp: 'Köpçülikde bolşup ýörşüňiz nähili? Eneň-ataň köpçülikde özüňi nähili alyp barmalydygyny öwretmedimi? Döwlet baýdagynyň ýanynda, türkmençilige gelşiksiz hereketleri etmekden utanyň' diýip seýilgähiň merkezine, arçalyk bagyna tarap ýöräp, yzyna düşmegi buýurdy. Halaşýanym tolgunyp başlady. Arçalyklaryň arasynda hususy ulag we başga bir polisiýa işgäri durdy" diýip, türkmenabatly ýigit öz başdan geçirenlerini gürrüň berdi.
Onuň sözlerine görä, polisiýa gyzyň adyny, familiýasyny, ýaşaýan ýerini we ene-atasynyň familiýasyny sorap oňa basyş edip başlapdyr, şeýle-de şäher polisiýa bölümine alyp gitmek üçin awtoulaga zor bilen mündürjek bolupdyr. Ýigit muňa garşy çykypdyr.
“Polisiýa garşylyk görkeziniň üçin jenaýat işini gozgarys diýip, haýbat atdy. Gyz aglap, ýalbaryp başlady, soňra polisiýa işgäri ulagdan biraz daşa meni alyp gitdi we menden 100 manat sorady. Ýanymda bary ýogy 35 manat puluň barlygyny aýtdym we ol puly aldy-da bizi goýberdi” - diýip, başyndan geçiren wakalaryny gürrüň beren ýigit aýtdy.
Azatlyk bilen anonim gürleşen türkmenabatlylar polisiýa işgärleri özlerini "galtaman" ýaly alyp barýarlar diýýärler. Ýerli ýaşaýjylaryň sözlerine görä, diňe seýilgählerde ýa-da köpçülik ýerlerinde däl, eýsem soňky döwürde jaýyň howlusynda oturan ýa-da köçeleriň islendik ýerinde el tutuşyp ýa-da gujaklaşyp gidip barýan ýaşlary saklap, polisiýa bölümine alyp gitjek bolýarlar.
Polisiýa tarapyndan saklanan ýaşlaryň we olaryň ene-atalarynyň aýtmagyna görä, polisiýa işgärleri köplenç haýbat atyp, ýaşlardan para almaga synanyşýarlar. Parany bermekden ýüz öwürýänleri polisiýa bölümine alyp gidip, gyzlaryň ene-atasyny çagyryp, gyzy masgaralamaga çalyşýarlar. Gyzy gorajak bolýan oglanlara bolsa, polisiýa garşylyk görkezdi diýip, olaryň hossarlaryndan 700 manada çenli para soraýarlar.
“Polisiýa ýaşlary bölüme mejbury alyp gitmeginiň bahanasyny, şahsyýetini anyklamaly diýip düşündirýär. Diýmek indi adamlar ýaşaýan ýerinde gezelenje çykanda pasport götermeli boldy. Onuň ýaly düzgün nirede bar diýip soraňda 'sen köp bilýäňmi?' diýip saňa has hem beter haýbat atýarlar” diýip, Türkmenabadyň ýene bir ýaşaýjysy gürrüň berdi.
Türkmenistanda häkimiýetleriň ilata, ilkinji nobatda ýaşlara gözegçiligi soňky aýlarda göz-görtele güýçlendirildi.
Şu aýyň başynda Aşgabadyň seýilgählerinde gezelenç edip, dynç alýan raýatlar gözegçilige duçar boldular. Seýilgählerdäki polisiýa işgärleri ýaşaýjylara dürli çäklendirmeleri girizdiler we ýokary synplarda okaýan okuwçy gyzlaryň we oglanlaryň bilelikde gezelenç etmeginiň öňüni almaga synanyşdylar.
Fewral aýynda ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň umumy ýaşaýyş jaýlarynda ýaşaýan ýaşlaryň özlerini alyp barşy, okuwdan boş wagtyny geçirişi we hatda tahýa geýip-geýmezligi gözegçilik astyna alyndy.
Ýaşlara bu gözegçiligiň sebäpleri barada türkmen häkimiýetlerinden resmi düşündiriş bolmady.
Türkmenistanda raýatlaryň köçede el tutuşyp ýörmegine garşy çäreler öňem amala aşyrylypdy. Mundan öň 2022-nji ýylda köçelerden barýan dürli ýaşlardaky jübütleri saklamak, polisiýa bölümine eltip, jerime salmak we ahlak sapagyny geçirmek ýaly tejribeler bolupdy.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum