Türkmenistan bilen Gyrgyzystan Hazar deňzi arkaly Merkezi Aziýany Ýewropa bazarlaryna çykarjak täze ulag geçelgesini döretmegiň maslahatyny etdi diýip, “Biznes Türkmenistan” habar berýär.
Gyrgyz hökümetiniň metbugat gullugynyň maglumatyna görä, Türkmenistanyň Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş direktory Mämmethan Çakyýew bilen Gyrgyzystanyň hökümet başlygynyň orunbasary Bakyt Torobaýew çarşenbe güni sanly ulgam arkaly duşuşdy.
Bu taslama, Türkmenbaşy Halkara deňiz portundan peýdalanmak arkaly, multimodal ulag geçelgesini we, Azerbaýjanyň Alýat deňiz porty arkaly, Ýewropa ýurtlaryna çykmak mümkinçiligini döretmegi göz öňünde tutýar.
Duşuşygyň gün tertibiniň esasy meseleleriniň biri Türkmenbaşy Halkara deňiz portundan peýdalanjak gyrgyz ýük daşaýjy kompaniýalary üçin ýeňillikli nyrh meýilnamalaryny maslahatlaşmak boldy diýip, habarda bellenýär.
Türkmen häkimiýetleri sebit ýurtlarynyň resmileri bilen geçirilýän hyzmatdaşlyk gepleşikleriniň soňky netijeleri barada kän anyk maglumat bermeýär.
Türkmen hökümetiniň tankytçylary ýurduň ýüzlerçe million dollar serişdesine gurlan uly desgalaryň, şol sanda Aşgabatdaky halkara howa menziliniň we Hazar boýundaky Türkmenbaşy portunyň köplenç boş durýandygyny aýdýarlar.