Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda türk wizasyny soranlaryň köpüsi wizasyz we pulsuz galdy, raýatlar protest bildirdi


Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurtlara çykmak üçin wiza almak islegleri gitdigiçe artýar. Aşgabat. Özbegistanyň wiza merkeziniň öňündäki nobat.
Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurtlara çykmak üçin wiza almak islegleri gitdigiçe artýar. Aşgabat. Özbegistanyň wiza merkeziniň öňündäki nobat.

Soňky günlerde türk wizasy diňe sanlyja türkmen raýatyna berilýär. Azatlygyň çeşmeleri iki hepde bäri wiza ýüz tutmak üçin düzgünleriň üýtgändigini we raýatlaryň aglabasynyň arzalarynyň ret edilýändigini habar berýärler. Bu ýagdaý Aşgabatda adamlaryň açyk nägilelik bildirmegine sebäp boldy.

"Bir günüň dowamynda türk wizasy üçin resminama tabşyran 150 raýatdan 147-siniň wiza üçin tabşyran haýyşlary kanagatlandyrylmady. Diňe 3 raýata wiza berildi olaryň biri talyp, ikinjisi telekeçi, üçünjisi iş wizasy üçin resminama dolduran raýat" diýip, ýagdaýdan habarly çeşmeleriň biri gürrüň berdi.

Azatlyk bilen anonim gürleşen çeşmeleriň sözlerine görä, häzirki wagtda türk wizasyny almak üçin resminamalary Aşgabadyň Kulyýew köçesinde Nowruz haly binasynda ýerleşýän ýarym resmi agentligine tabşyrmaly. Agentlik hepdede 5 gün işleýär we her gün diňe sanlyja adama wiza berilýär. Wizanyň resmi bahasy 60 dollar, emma agentlik üsti bilen taýýarlatmagyň nyrhy 200 amerikan dollaryna durýar.

Wiza bermekden ýüz öwrülen ýagdaýda bu pul ýüz tutan raýata gaýtarylyp berilmeýär.

"Galan 147 raýatyň syýahatçylyk üçin wiza haýyşnamalary kanagatlandyrylman, olaryň agentlige tölän 200 dollary hem yzyna gaýdyp berilmedi. Bu bir bidüzgünçilik, adamlardan wiza üçin 200 dollar puly alyp, soňrada adamlara pul bermän, 'nirä arz etseňiz ediň' diýip, kowup goýberýärler" diýip, çeşmeleriň biri gürrüň berdi.

Wizasyny we puluny alyp bilmedik raýatlar 22-nji iýulda Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasynyň öňünde ýygnalyp wiza berilmezligine we 200 dollardan ybarat puluny sorap, protest geçirdiler.

"Uly goh boldy. Soňra ilçihanadan Mustafa atly türk i'gäri çykdy we 'protest we garşylyk bildirseňiz, Nowruz halydaky agentlige baryp, pullaryňyzy talap ediň. Biz sizden ne pul aldyk, ne-de resminama' diýip gelenleri dargatdy. Soňra adamlar jemlenip, Nowruz halydaky wizalary taýýarlap berýän agentlige baryp, uly goh-galmagal turuzdy. Agentlik ýolbaşçysy adamlara ertir ähli pullary gaýdyp bermegi wada berdi hem-de adamlardan başga ýere arz etmezligi haýyş etdi" diýip, ýagdaýlara şaýat bolanlaryň biri gürrüň berdi.

Çeşmeleriň sözlerine görä, türk wizasyna ýüz tutýan raýatlaryň resminamalarynyň köpçülikleýin ret edilmegi Türkiýäniň ilçihanasynyň wiza üçin arzalary kabul etmegini togtadansoň ýüze çykypdyr.

"Ýaňy-ýakyndan türk ilçihanasy türkmen raýatlarynyň wiza üçin resminamalaryny Görogly köçesiniň ugrundaky binasynda kabul etmegini togtatdy we bu wezipäni türkmen tarapyndan ýarym resmi hususy agentligiň ygtyýaryna berdi. Agentligiň işgärleri resminamalary kabul edýärler we türk döwletine 1 aýlyk syýahatçylyk wizasy üçin 60 dollara derek 200 amerikan dollary möçberde wiza we hyzmatlar üçin diýip, pul alýarlar" diýip, çeşme aýdýar.

Çeşmeleriň birnäçesiniň aýtmagyna görä, agentlige günde ýüzden gowrak adam ýüz tutýar. Arza tabşyranlardan 200 dollar möçberinde pul alynýan hem bolsa, olaryň eline diňe wizanyň bahasyna barabar 60 dollaryň alnandygy hakynda kwitansiýa berilýär.

Azatlyk Radiosynyň Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasy we türk wizasy üçin resminamalary kabul edýän agentlik bilen habarlaşmak boýunça eden synanyşyklary başa barmady.

Türkmenistanda raýatlaryň ýurduň daşyna migrasiýa akymy ýyl-ýyldan güýçlenýär. Türkmen hökümeti migrasiýanyň möçberini görkezýän sanlary çap etmese-de, biometriki pasport üçin nobatlaryň iki ýyla uzamagy, wiza merkezlerindäki nobatlaryň ulalmagy ilatyň daşary ýurtlara gitmek isleglerini görkezýär.

Ýurtdaky agyr işsizlik zerarly adamlar pasport we wiza edinmek üçin soňky pullaryny sarp etmekden, emlägini satmakdan saklanmaýar. Bu ýagdaýda para bilen meseläni çözmäge kömek teklip edýän araçylar we çykgynsyz ýagdaýdaky adamlary aldaýan hilegärler döreýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG