Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen prezidentiniň Ýaponiýa sapar etmegine garaşylýar


Serdar Berdimuhamedow. Arhiw suraty
Serdar Berdimuhamedow. Arhiw suraty

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň aprel aýynda Osaka sapar etmegine garaşylýar diýip, “Türkmenportal” Türkmenistanyň Tokiodaky diplomatik wekilhanasynyň resmi saýtyna salgylanyp habar berdi.

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi Atadurdy Baýramow golaýda Osaka şäherine sapar edip, “Expo-2025” Bütindünýä sergisiniň baş sekretarynyň orunbasary Içinoki Manatsu we “Expo-2025-iň” protokol bölüminiň ýolbaşçysy Takeşi Hikihara bilen duşuşyklar geçirdi.

Duşuşyklaryň dowamynda türkmen prezidentiniň aprel aýynda Ýaponiýa meýilleşdirilen sapary bilen bagly guramaçylyk meseleleri maslahatlaşyldy diýip, habarda aýdylýar.

Osakada geçiriljek “Expo-2025” Bütindünýä sergisine dünýä döwletleriniň 158-siniň, halkara guramalarynyň 7-siniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Bu sergi şu ýylyň 13-nji aprelinden 13-nji oktýabryna çenli geçirilip, jemi 184 gün işlär.

XS
SM
MD
LG