Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen pälwany erkin göreş boýunça U-20 Aziýa çempionatynda altyn medal aldy


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanly erkin göreş boýunça pälwan Alp Arslan Begenjow Taýlandda geçen 20 ýaşa çenli türgenleriň arasyndaky erkin göreş boýunça Aziýa çempionatynda altyn medaly almagy başardy. Bu barada hökümetçi türkmen onlaýn neşirleri 25-nji iýulda habar berdi.

16-24-nji iýul aralygynda Siraça şäherinde geçen çempionatda Begenjow 79 kilogram agram derejesinde, 11 türgeniň arasynda geçen ýaryşda bäsleşipdir.

Maglumata görä, Begenjow geçen aý Ammanda geçirilen U-23 Aziýa çempionatynda hem bürünç medal gazanypdyr.

XS
SM
MD
LG