Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen-özbek gatnaşyklaryny ösdürmek maslahatlaşyldy


Arhiw suraty
Arhiw suraty

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Özbegistanda saparda bolup, iki ýurduň DIM-leri derejesinde syýasy geňeşmeleri geçirdi we öňde duran ýokary derejeli çäreleri maslahatlaşdy, Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew türkmen hökümetiniň başlygynyň orunbasaryny kabul etdi.

Özbegistanyň prezidentiniň metbugat gullugynyň maglumatyna görä, 2024-nji ýylda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygynyň möçberi 1,1 milliard dollardan geçdi, bilelikde “Şawat-Daşoguz” serhetýaka söwda zolagy döredilýär, senagat hyzmatdaşlygy, energiýa, ulag we logistika, oba hojalygy we suw dolandyryşy ýaly ugurlarda hyzmatdaşlyk dowam edýär.

26-27-nji ýanwarda geçirilen geňeşmeleriň dowamynda iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik dialogyň ösüşi maslahatlaşylyp, bu ösüşde parlament diplomatiýasynyň möhüm orny nygtaldy.

Taraplar «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň» başynda daşary syýasy edaralarynyň arasynda geçirilýän geňeşmeleriň, söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparynyň we hyzmatdaşlygyň beýleki mehanizmleriniň ähmiýetini bellediler.

Ulag-logistika, energetika, suw we senagat ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň meselelerine seredilip geçildi, medeniýet günlerini geçirmek tejribesiniň wajyplygyny, ylym, bilim, kinematografiýa babatda hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti bellendi.

Geňeşmeleriň ahyrynda iki ýurduň DIM-leriniň arasynda 2025-2026-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk maksatnamasyna we iki ministrligiň arasyndaky şertnama-hukuk binýadyny tükelleýiş we kämilleşdiriş boýunça teswirnama gol çekişlik dabarasy geçirildi.

XS
SM
MD
LG