Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen DIM-niň başlygy Astanada gazak prezidenti bilen duşuşdy


Raşid Meredow
Raşid Meredow

Türkmenistanyň hökümet başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow 4-nj fewralda Astanada Gazagystanyň prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duruşdy diýip, türkmen metbugaty habar berýär.

Kasym-Žomart Tokaýew gazak-türkmen gatnaşyklarynyň ýokary derejä ýetendigini, onuň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we strategiki hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda ösdürilýändigini belläp, Gazagystanyň Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny goldamaga pugta meýillidigini tassyklady.

Taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň, ozal gazanylan ylalaşyklary, şol sanda energetika we ulag pudaklaryndaky taslamalary durmuşa geçirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

2025-nji ýylyň 3-nji fewralynda Astana şäherinde Türkmenistanyň we Gazagystanyň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky syýasy geňeşmeler geçirildi.

XS
SM
MD
LG