23-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Yslamabatda özüniň pakistanly kärdeşi Ishak Dar bilen duşuşdy. Bu barada türkmen hökümetçi onlaýn neşirleri Aaj News gullugyna salgylanyp habar berýär.
Maglumatda ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleriň üçünji tapgyrynyň dowamynda “global we regional meseleleriň” maslahat ediljekdigi aýdylýar.
Pakistanyň mediasy Meredowyň saparynyň üç gün dowam etjekdigini ýazýar.
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň websaýatynda bu sapar barada maglumat berilmeýär.