18-nji sentýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Aşgabatda ABŞ-nyň ilçisi Elizabet Rud bilen duşuşyk geçirdi.
Resmi maglumatda iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp meseleleriniň giň geriminiň maslahat edilendigi bellenilýär.
Mundan başga-da, duşuşykda Merkezi Aziýa ýurtlaryny we ABŞ-ny hem öz içine alýan “C5+1” formatynyň çägindäki hyzmatdaşlygyň ähmiýeti nygtalypdyr. Munuň çäginde taraplar howpsuzlyk, ykdysadyýet, energetika we ekologiýa ýaly ugurlarda iş alyp barýarlar.
Şeýle-de, şol gün türkmen baş diplomaty Hytaýyň, Russiýanyň we Mongoliýanyň hem ilçileri bilen duşuşdy.