Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen aktiwistiniň gyzy Sadokat Nurimbetowa Türkmenistandan çykmaga rugsat berildi - THF


Aşgabadyň Halkara aeroporty (illýustrasiýa suraty)
Aşgabadyň Halkara aeroporty (illýustrasiýa suraty)

Daşary ýurtda ýaşaýan türkmen aktiwistiniň gyzy Sadokat Nurimbetowa, tas üç aý möhletden soň, Türkmenistandan Türkiýä çykmaga rugsat berildi. Bu barada 8-nji oktýabrda Türkmen Helsinki Fondy habar berdi.

Stambulyň Medisina uniwersitetiniň talyby Sadokat 15-nji iýulda Aşgabadyň aeroportynda Stambul ugry boýunça uçaryň bortuna goýberilmändi. Şonda hukuk toparlarynyň beren maglumatyna görä, aeroportda migrasiýa işgärleri 24 ýaşly Nurimbetowa onuň ýurtdan çykmagyna “gadagançylyk girizilendigini” mälim edipdirler, we sebäbi soralan-da, munuň “ýokardan gelen buýrukdygyny” aýdypdyrlar.

Nurimbetowa daşary ýurtda ýaşaýan türkmen aktiwisti Hamida Babajanowanyň gyzydyr. Ol geçen ýyl türkmen häkimiýetleriniň özünden ar almak üçin, ejesiniň Haj zyýaratyna ýoluny böwetländigine ynanýandygyny aýdypdy. Soňra, hukuk goraýjylar goşulandan soň, halkara guramalaryna arz eden 73 ýaşly enäniň ýurtdan çykmagyna rugsat berlendigi mälim boldy.

Türkmenistanda raýatlaryň ýurtdan çykmak we yzyna dolanyp gelmek hukuklarynyň kanun esasynda doly kepillendirilendigine garamazdan, olaryň ýolundan alnyp galynmagy we hiç bir düşündiriş berilmezligi, resmi ýagdaýda tassykladyp bolmaýan "gara sanawlar" sebäpli, adaty bir ýagdaýa öwrüldi.

XS
SM
MD
LG