Türkiýe ýyl aýagyna çenli Eýranyň üsti bilen 1,3 milliard kub metr türkmen gazyny alar diýip, Haber7 bu maglumaty UNN News neşirine salgylanyp habar berdi.
Bu Türkiýäniň umumy serhedi bolmadyk ýurtdan soňky 20 ýylda ilkinji gezek alýan gaz üpjünjiligi bolar.
Türkiýäniň Energetika we tebigy baýlyklar ministri Alparslan Baýraktaryň bu maglumaty prezident Erdoganyň ýolbaşçylygyndaky resmi wekiliýetiň düzüminde Indoneziýa eden sapary wagtynda aýdandygy bellenýär.
Mundan öň Türkiýäniň Türkmenistandan Eýranyň üsti bilen aljak gazynyň anyk mukdary billi däldi.