Türkiýe Eýranyň üsti bilen barter görnüşinde türkmen gazyny import edip başlady. Bu barada Türkiýäniň energiýa we tebigy resurslar boýunça ministri Alparslan Baýraktar aýtdy.
"Häzirki wagtda bu gazy Türkiýä Eýranyň üsti bilen barter görnüşinde iberýäris. Bu şertnama Türkiýäniň gaz üpjünçiliginiň howpsuzlygy we gaz çeşmelerini giňeltmek hem diwersifikasiýa etmek üçin diýseň möhüm" diýip, Baýraktar ýekşenbe güni “Haber” türk kanalyna beren interwýusynda aýtdy.
Türk resmisi türkmen gaznyň Türkiýä bäsdeşlikli ykdysady nyrhdan iberilýändigini belledi diýip, Interkas habar berdi.
"Şonuň üçin türkmen gazy, biziň tebigy gazyň harajatlaryny azaltmak meselesinde möhümdir. Şunuň bilen baglylykda, türkmen gazynyň gelmegi Türkiýe üçin örän gymmatly" diýip, media serişdeleri Baýraktary sitirledi.
Fewralyň başynda iki ýurt Türkiýäni türkmen gazy bilen üpjün etmek barada şertnama baglaşdy. 1-nji martda güýje giren şertnama esasynda Eýranyň üsti bilen Türkiýä 1,3 milliard kubmetr türkmen gazynyň akdyrylmagy göz öňünde tutulýar.