Türk häkimiýetleri soňky iki günde 325 owgan migrantyny deportasiýa etdi diýip, Talybanyň bosgunlar ministrligi 10-njy noýabrda habar berdi.
Ministrligiň maglumatyna görä, Halkara Migrasiýa Guramasy deportasiýa edilen migrantlaryň her birine 150 ýewro barabar serişde berýär.
Türkiýe soňky aýlarda owgan migrantlaryny tussag etmek we ýurtdan çykarmak üçin geçirýän reýdlerini güýçlendirdi. Tutulýanlaryň köpüsiniň zerur bolan resminamasy ýok diýip, habarda bellenýär.
Sentýabr aýynda Stambulda geçirilen polisiýa reýdlerinde 600 töweregi owgan raýaty saklandy we tussag merkezlerine geçirildi.