Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türk ministri: Türkmen gazyny Türkiýä daşamak barada ylalaşyk gazanyldy


Türkmenistanda gaz geçiriji ulgamyň ýanynda duran oglan (Illýustrasiýa suraty)
Türkmenistanda gaz geçiriji ulgamyň ýanynda duran oglan (Illýustrasiýa suraty)

Türkmenistandan Azerbaýjanyň we Gürjüstanyň üsti bilen, Türkiýä tebigy gazyň daşalmagy barada ylalaşyk gazanyldy diýip, türk energetika we tebigy baýlyklar ministri Alparslan Baýraktar aýtdy. Bu barada Türkiýäniň “Daily Sabah” neşiri habar berdi.

14-nji maýda Stambulda Baýraktar we Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikaýil Jabbarow Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasynda tebigy gaz hyzmatdaşlygy şertnamasyna gol çekdiler.

“Olar birnäçe gaz geçirijiniň kuwwatyny ýokarlandyrmak boýunça giňişleýin şertnama baglaşdylar” diýlip, habarda bellenilýär.

Baýraktar, bu şertnamanyň 2030-njy ýyla çenli Azerbaýjandan we Hazar sebitinden Türkiýä we Ýewropa goşmaça mukdarda gaz iberilmegini üpjün etjekdigini aýtdy, ýöne onuň takyk mukdaryny mälim etmedi.

“...täze mesele, möhüm mesele, bu şertnamanyň netijesinde Türkmenistandan Azerbaýjanyň we Gürjüstanyň üsti bilen, Türkiýä tebigy gaz daşamak barada ylalaşyk gazandyk” diýip, neşir türk ministriniň sözlerini sitirledi.

Baýraktar, türkmen tebigy gazynyň Türkmenistandan Azerbaýjana nähili iberiljekdigini aýdyňlaşdyrmady.

Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda göni gaz geçiriji ulgamlary ýok.

Türkmenistan, Eýran we Azerbaýjan 2021-nji ýylyň noýabrynda üçtaraplaýyn gaz swap ylalaşygyna gol çekdi. Bu ylalaşyga laýyklykda, Türkmenistan gündelik 5-6 million kub metr, her ýylda takmynan 2 milliard kub metr türkmen gazyny Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana iberýärdi.

Emma Aşgabat şu ýylyň ýanwar aýynyň başynda swap ylalaşygy esasynda Eýranyň üsti bilen Azerbaýjana gaz ibermegi “wagtlaýyn” bes etdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG