ABŞ-nyň prezidentiniň Ukraina we Russiýa boýunça ýörite wekili Kit Kellog "New York Post" gazetine beren interwýusynda Donald Trampyň administrasiýasynyň Ukrainadaky urşy soňlamak üçin Russiýa garşy girizilen sanksiýalary artdyrmaga taýýardygyny aýtdy. Ol Kiýewiň-de, Moskwanyň hem eglişik etmelidigini aýtdy.
Kellog Russiýa garşy girizilen sanksiýalara on ballyk ölçegleriniň derejesinde "üçlük" diýip baha berdi.
"Sanksiýalar hakykatdanam güýçlendirilip bilner – hususan-da iň soňky sanksiýalar [nebit önümçiligini we eksporty çäklendirmäge gönükdirilen]" diýip, ol aýtdy.
"Eger kim we tutaryk täsiriniň nämedigine düşünýän bolsa, bu prezident Donald Tramp we bu onuň ýakynda eden işlerinden (beýleki daşary syýasat meseleleri babatdaky kararyndan) görünýär" diýip, Kit Kellog belledi.
Onuň sözlerine görä, Trampyň Ak tamda geçen dördünji gün geçiren ýygnagynda Ukrainadaky urşy soňlamak üçin ABŞ-nyň serişdelerinden nähili peýdalanmalydygy baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Kellog bu uruşdaky zorlugyň derejesini Ikinji jahan urşy döwründe bolup geçen zatlar bilen deňeşdirdi. Hut şu sebäpden hem Tramp "gazaply söweş hereketlerini togtatmak üçin hemmetaraplaýyn çemeleşmäni" gözleýär diýip, Kellog aýtdy.