Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp Zelenskiýiň ABŞ-dan milliardlarça serişde alyp, şol bir wagtda urşy togtatmak boýunça “ylalaşyga gelmeýändigini” aýtdy


ABŞ-nyň prezidentlik saýlawlarynda Respublikançylardan dalaşgär Donald Tramp
ABŞ-nyň prezidentlik saýlawlarynda Respublikançylardan dalaşgär Donald Tramp

ABŞ-nyň prezidentlik saýlawlarynda Respublikançylardan dalaşgär Donald Tramp Ukrainanyň prezidenti Wolodmyr Zelenskiýi Birleşen Ştatlardan milliardlarça dollar serişde alyp, şol bir wagtda Russiýanyň doly gerimli urşuny bes etmek boýunça “ylalaşyga gelmezlikde” aýyplady.

Tramp Waşingtonyň Kiýewe berýän hemaýaty barada juda tankydy çykyş edip gelýär.

Onuň sözlerine görä, Ukraina, Russiýanyň 2022-nji yýylyň fewralynda çozmagyndan birnäçe aý öň, rus prezidenti Wladimir Putin bilen eglşige gitmelidi.

“Islendik ylalaşyk, iň erbet ylalaşyk – häzirki ýagdaýlardan has gowy bolardy” diýip, Tramp belledi.

Tramp, eger-de gaýtadan Ak Tama dolansa, onda urşy gysga wagtda bes etjekdigi barada gaýta-gaýta çykyş etdi. Emma muny nähili amal etmegi göz öňünde tutýandygy barada hiç hili jikme-jik bermedi.

Trampyň çykyşy Zelenskiýiň “The New Yorker” neşirine beren interwýusyndaky belliklerine jogap bolana meňzeýär. Zelenski söhbetiň dowamynda Trampyň “urşy togtadyp biljekdigini pikir etse-de, muny aslyýetinde nähili amal etmelidigini bilmeýär” diýipdi.

XS
SM
MD
LG