ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp 18-nji fewralda Saud Arabystanynda ABŞ-nyň we Russiýanyň wekilleriniň arasynda geçirilen gepleşiklerden soň, Ukrainadaky urşy soňlamak barada ylalaşyk gazanmak meselesinde “özüni has ynamly” duýýandygyny aýtdy.
Riýadda ABŞ-nyň döwlet sekretary Marko Rubio bilen beýleki amerikan resmileriniň Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň ýolbaşçylygyndaky rus delegasiýasy bilen geçiren gepleşiklerinden soň, Tramp öz pikirini aýtdy.
"Men bu urşy soňlamaga güýjüm bar diýip pikir edýärin" diýip, Tramp Florida ştatyndaky Mar-a-Lago mülkünde geçirilen metbugat ýygnagynda žurnalistlere aýtdy.
Ol şu aýda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşmagynyň ähtimaldygyny aýtdy we 17-nji fewralda Parižde geçirilen Ýewropa sammitinde ara alnyp maslahatlaşylan pikire, Ukraina parahatçylygy goraýyş goşunlaryny ibermek boýunça ýewropa göçümine garşy çykmajakdygyny aýtdy.