ABŞ-nyň prezidentlik saýlawlarynda Respublikançylardan dalaşgär Donald Tramp sentýabrda üç debaty geçirmäge razylyk berendigini, indi hem Demokrat kandidat Kamal Harrisiň kampaniýasyndan degişli jogaba garaşýandygyny aýtdy.
Tramp Floridadaky Mar-a-Lago emläginde beren metbugat ýygnagynda, sentýabryň 4-ne, 10-na we 25-ne debatlary geçirmäge razylyk berendigini nygtady.
Tramp debatlary geçirmäge garaşýandygyny aýtdy, şeýle-de “Men bulary geçireris diýip umyt edýärin. Meniň pikirimçe, olar örän äşgär ediji bolar” diýip, sözüne goşdy.
Mundan başga-da Tramp, özüniň saýlaw kampaniýasyna ynamlydygyny, şeýle-de serhet howpsuzlygy we ykdysady meseleleri özüniň esasy üns merkezinde saklamak strategiýasynyň üýtgewsizdigini belledi.
Bu Harrisiň özüniň saýlaw egindeşi hökmünde Minnesotanyň häkimi Tim Walzy saýlamagyndan bäri, Trampyň geçiren ilkinji metbugat ýygnagy boldy. Tramp Walzy “radikal çepçi adam” diýip atlandyrdy.