Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp Putin bilen söhbetdeşliginiň taraplary parahatçylyk gepleşiklerine ýakynlaşdyrýandygyny aýtdy


ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen bir sagatdan gowrak gürleşip we gepleşiklere başlamak barada ylalaşyp, Ukrainadaky urşy bes etmek üçin parahatçylyk ylalaşygyny ara alyp maslahatlaşmak ugrundaky tagallalaryny güýçlendirdi.

Tramp bu telefon söhbetdeşligini geçirendigini 12-nji fewralda, “Truth sosiala” paýlaşan ýazgysynda aýtdy we özüniň Putin “bilelikde, ýakyndan işleşmek, şol sanda birek-biregiň ýurduna sapar etmek ylalaşygyna gelendiklerini” aýtdy. “Şeýle-de biz öz degişli toparlarymyzyň haýal etmän gepleşiklere başlamagy barada ylalaşyga geldik" diýip, prezident aýtdy.

Tramp bu telefon söhbetdeşligini geçirendigini 12-nji fewralda, “Truth sosialda” paýlaşan ýazgysynda aýtdy we özüniň Putin bilen “bilelikde, ýakyndan işleşmek, şol sanda birek-biregiň ýurduna sapar etmek ylalaşygyna gelendiklerini” aýtdy.

“Şeýle-de, biz öz degişli toparlarymyzyň haýal etmän gepleşiklere başlamagy barada ylalaşyga geldik" diýip, prezident aýtdy.

Ol Putin bilen eden telefon gürrüňinden soň Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski bilen hem gürleşendigini aýtdy, ýöne Ukrainanyň Russiýa bilen gepleşiklere deň derejede gatnaşyp-gatnaşmajakdygy barada anyk zat aýtmady.

“Meniň pikirimçe, olar parahatçylyk gazanmaly. Olaryň adamlary ölýär" diýip, Tramp aýtdy.

XS
SM
MD
LG