Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp polisiýanyň “gazaply” basyp ýatyrmasyna çagyrýar, Harris migrasiýa reformalarynyň zerurdygyny aýdýar


ABŞ-da prezidentlik saýlawlarynda Demokratik partiýadan kandidat Kamala Harris (çepde) we Respublikançylardan dalaşgär Donald Tramp.
ABŞ-da prezidentlik saýlawlarynda Demokratik partiýadan kandidat Kamala Harris (çepde) we Respublikançylardan dalaşgär Donald Tramp.

29-njy sentýabrda ABŞ-da prezidentlik saýlawlarynda Respublikançylardan dalaşgär Donald Tramp, saýlawlar üçin möhüm Pennsilwaniýa ştatynda eden çykyşynda, ýurtdaky jenaýata garşy polisiýanyň “gazaply” diýip häsiýetlendiren çärelerine çagyrdy. Bu aralykda, onuň saýlawlarda Demokratik partiýadan bäsdeşi Kamala Harris Newadada geçirilen ýörişde migrasiýa reformalarynyň zerurdygyny nygtady.

Pennsilwaniýa 5-nji noýabrda geçiriljek prezidentlik saýlawlarynyň ýeňijisini kesgitlemekde esasy roly oýnajakdy aýdylýan ýedi ştatyň iň möhümi hasaplanýar. Ýöne Newada hem saýlawlar üçin wajyp ştatlaryň biri hasaplanýar.

Ozalky prezident Tramp 28-nji sentýabrda ikirjiňleýän Wiskonsinde geçiren ýörişinde, Birleşen Ştatlaryň gazaply migrantlaryň we beýleki jenaýatçylaryň “çozuşy” diýip häsiýetlendiren ýagdaýlardan ejir çekýändigini aýtdy.

Wise-prezident Kamala Harris şol gün Las-Wegasda geçiren ýörişinde serhet howpsuzlygyndaky “möhüm meseleler” diýip häsiýetlendiren ýagdaýlary, şeýle-de ykdysadyýet, saglygy saklaýyş pudaklary barada gürrüň etdi.

XS
SM
MD
LG