Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp geljek hepde Zelenski bilen duşuşmagynyň “mümkindigini” aýtdy


ABŞ-nyň prezidentlige dalaşgäri Donald Tramp (arhiw suraty)
ABŞ-nyň prezidentlige dalaşgäri Donald Tramp (arhiw suraty)

18-nji sentýabrda ABŞ-nyň prezidentlige dalaşgäri Donald Tramp geljek hepde Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski bilen duşuşmagynyň “mümkindigini” aýtdy. Zelenski öňümizdäki hepde BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde çykyş etmek üçin, Birleşen Ştatlara gelmeli.

Tramp žurnalistiň Zelenski bilen duşuşmak mümkinçilikleri baradaky soragyna “Hawa, mümkin” diýip, jogap berdi.

Tramp ABŞ-nyň özüniň gündogar Ýewropadaky ýaranyna berilýän hemaýaty pullaryň bisarpa harçlanmagy hökmünde häsiýetlendirip gelýär. Ol özüniň Ukrainanyň uruşda ýeňmegini isläp-islemeýändigi baradaky soraga jogap bermekden saklandy we başga goşmaça jikme-jik bermedi.

Soňky aýlarda Birleşen Ştatlardaky dürli sammitlere we prezident Jo Baýden bilen duşuşyklara gatnaşmak üçin gelen dünýä liderleriniň käbiri Tramp bilen hem gepleşikleri geçiripdi.

Respublikançylardan dalaşgär Tramp 5-nji noýabrdaky prezidentlik saýlawlarynda Demokratik partiýanyň kandidaty Kamala Harris bilen bäsleşer.

Zelenski ABŞ-da wagty Baýdene, Harrise we Trampa özüniň parahatçylyk planyny hödürlejekdigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG