Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Telekeçilik şertleri ilaty däl, aýratyn alnan adamlary baýadýar


Igor Makarow we Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda welosipedli gezelenç edýär. Arhiw suraty
Igor Makarow we Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda welosipedli gezelenç edýär. Arhiw suraty

Ýerli metbugatda telekeçilik “Türkmenistanyň bazar ykdysadyýetiniň hereketlendiriji güýji” hökmünde häsiýetlendirilýär, emma ýerli synçylar, Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen ýaşaýjylar Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň (TSTB) Türkmenistanda umyt baglanan kanuny telekeçiligi ‘sallançakda bogandygyny’ öňe sürýärler. Bir-birinden habarsyz, aýratynlykda pikirini aýdan raýatlaryň tassyklamagyna görä, TSTB hakykatda döwlet içinde döwlet bolup, iň ýokary wezipeli adamlar tarapyndan goldanylýar we iş ýüzünde ähli kanundan ýokarda durýar. Türkmenistanda beýleki guramalaryň ýolbaşçylary, şol sanda wise-premýerler, ministrler, häkimler jogapkärçilige çekilip bilinýär, emma TSTB-niň ýolbaşçylary jogapkärçilige çekilmeýär diýip, synçylar aýdýar. Şol bir wagtda, bu gurama dürli taslamalar üçin goýberilýän döwlet serişdelerinden uly paý alýar, ozal döwlet hasabyna gurlan desgalary amatly ýagdaýda öz hasabyna geçirýär we ne parlamentde, ne-de metbugatda öz işleri, şol sanda döwlet serişdeleriniň netijeli ulanylyşy barada açyk-aýdyň hasabat berýär. Mundan başga, bu guramanyň düzüminde bolup, gymmat bahaly desgalary guran adamlaryň öz girdejileri, edinen emläkleri, töleýän salgytlary barada hem açyk maglumat berilmeýär. "TSTB-niň işindäki ýapyklyk ýa-da aýdyňlygyň bolmazlygy halk pulunyň ogurlanmagy we bu ýagdaýyň kanunlaşdyrylmagy bilen bagly" diýip, radioynyň bir söhbetdeşi aýtdy.

Synçylaryň käbiriniň pikirine görä, türk işewürlerine berilýän uly taslamalar azaldylyp, ýerli gurluşyk firmalary öňe çykarylyp başlananda, indi ýagdaý biraz üýtgär, türkmen millionerleri, orta gatlak ýa-da telekeçilik arkaly gurplanan we öz baýlygyny ýaşyrmaýan adamlar köpeler diýen umyt bardy, emma sada adamlaryň garaşan zatlary bolmady, diňe aýry-aýry adamlar baýady we olaryň käbiriniň baýlygynyň hakyky möçberlerini diňe "Forbes" žurnalyndan bilip bolýar.

Türkmenistandaky telekeçilik we aýdyňlyk meselesi golaýda, resmi habara görä, Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň nobatdan daşary maslahatynyň geçirilmegi we guramanyň müdiriýetiniň başlygy wezipesine Nökerguly Atagulyýewiň ‘saýlanmagy’ bilen gün tertibine geldi. 2008-nji ýylda döredilen gurama, resmi habara görä, bu günki gün ýurduň hususy işewürleriniň 28 müňden gowragyny özünde jemleýär. Ýöne bu işewürler barada bilinýän zat örän az. Şol bir wagtda, bu gurama 2020-nji ýylyň başynda wezipesinden boşadylýança ýolbaşçylyk eden Aleksandr Dadaýew, onuň ikinji başlygy Döwran Hudaýberdiýew, şeýle-de TSTB-niň işinde aýratyn möhüm rol oýnaýan beýleki adamlar, olaryň maliýe ýagdaýy barada resmi maglumat örän az.

Gurbanguly Berdimuhamedow 2008-nji ýylyň martynda TSTB-ni döredende, 2002-nji ýylda, korrupsiýa aýyplamalary sebäpli, öňki prezident Saparmyrat Nyýazow tarapyndan Aşgabat şäheriniň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadylan A.Dadaýewden başga mynasyp ýa ynamdar adam tapmady. Il içinde prezidentiň 'gapjygy' diýlip atlandyrylýan Dadaýew bu birleşige 12 ýyllap ýolbaşçylyk etdi we birden, täze möhlete başlyk saýalanandan iki hepde soň pensiýa çykyp, bir topar soragyň döremegine, ýurtda döredilen ikinji syýasy partiýanyň lideriniň indiki wezipesiniň ‘tussag’ bolmagynyň hem ähtimaldygy baradaky çaklamalara sebäp boldy.

Türkmenistanyň esasy eksportyna, tebigy gaz we nebit söwdalaryna gönüden-göni dahylly bolmasa-da, telekeçiler birleşigi Türkmenistandan eksport edilýän önümleriň ýaryndan gowragyna ilteşikli diýlip bilinýär we, ikinji prezidentiň iň ynamdar egindeşleriniň biri hasaplanan Dadaýewiň işden boşadylmagy, Azatlygyň çeşmesiniň beren maglumatyna görä, birleşikde geçirilýän derňewler bilen bagly boldy.

“Dadaýew häzir walýuta alyp-çalyşmak bilen bagly uly ykdysady jenaýata ilteşikli bolmakda güman edilýär” diýip, çeşme habar berdi.

Resmi taýdan tassykladyp bolmadyk maglumata görä, geçirilýän derňewe Germaniýada we Ýewropanyň beýleki ýurtlarynda Türkmenistandan getirilen gyzyl pullaryň 'göze ilip başlamagy', telekeçiligi goldamak üçin döredilen, ýönekeý adamlar üçin berk çäklendirilen konwertasiýa mümkinçiliginiň käbir telekeçiler tarapyndan bikanun ulanylmagy sebäp boldy. Emma hökümet bu derňew, hususan-da bank ulgamlaryna girizilen berk çäklendirmeleriň arasynda Berdimuhamedowyň baş telekeçisine döredilen konwertasiýa mümkinçiligi hakynda syzyp çykan maglumatlary ne tassyklady, ne-de ret etdi.

Prezidentiň goldawy, döwlet tarapyndan döredilen uly ýeňillikler, milliardlarça dollara durýan döwlet taslamalary we ýeňillikli karzlar bu guramanyň türkmen gurluşyklarynyň ‘esasy eýesi’ bolan türk firmalarynyň, şol sanda Aşgabatda Ahmet Çalykdan soň esasy iş adamlarynyň birine öwrülen Erol Tabançanyň ornuny alyp, türkmen telekeçiligindäki esasy monopoliýa öwrülmegine mümkinçilik döretdi diýip, synçylar aýdýar.

Dadaýewden soň başlyk saýlanan Hudaýberdiýew bu guramada 2017-nji ýyldan bäri orunbasar bolup işleýärdi we ondan öň Aşgabatdaky golf-klubyny gurmaga gatnaşan "Myradym" hususy kärhanasyna ýolbaşçylyk etdi, Hazar ýakasyndaky "Awaza" sport toplumyny gurmaga gatnaşdy.

Hudaýberdiýewiň ornuna saýlanan Nökerguly Atagulyýew, resmi maglumata görä, 2007-2010-njy ýyllarda söwda ministri, 2010-2012-nji ýyllarda Birleşen Arap Emirliklerindäki we Täjigistandaky türkmen ilçisi, 2012-2013-nji ýyllarda bolsa hökümet başlygynyň orunbasary wezipelerinde işläpdir. Bu onuň prezident maşgalasynyň ynamdar adamlarynyň biridigini we birleşigiň işleriniň ýene-de öňküsi ýaly ýapyk boljakdygyny yşarat edýär.

TSTB telekeçiligi ösdürmedi, tesdirdi

Azatlyk bilen pikirini paýlaşan synçylar we telekeçiler prezident maşgalasy tarapyndan goldanylýan TSTB-niň hakykatda telekeçiligiň ösdürilmegine däl, tesdirilmegine sebäp bolandygyny öňe sürýärler.

Abraýly halkara guramalary Türkmenistanyň çap edýän resmi sanlaryna, ösüş maglumatlaryna köplenç ýagdaýda ynamdar, ýerinde barlap we tassyklap boljak maglumat hökmünde garamaýar. Azatlyk bilen gürleşen synçylar Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň agzalary barada berýän maglumatynyň hem biraz çişirilen bolmagyny mümkindigini aýdýarlar. Ýurt içinde pikirini aýdan adamlaryň köpüsiniň çaklamasyna görä, netijeli işleýän telekeçiler juda az.

“Bularyň köpüsine telekeçi diýmek hem dogry däl, sebäbi olar esasan ýokary derejeli emeldarlaryň kölegesinde işleýän telekeçileriň sebitlerdäki hyzmatkärleri, Aşgabatdan dolandyrylýan iş dolandyryjylar” diýip, radionyň söhbetdeşi aýtdy.

“Ýagdaý türkmen metbugatynda habar berlişi ýaly däl, her welaýatda bolup bilse 5-6 sany önüm öndürýän hususy kärhana bar. Aşgabatda konditer önümlerini öndürýän "Hasar" kärhanasy bar, arassaçylyk serişdelerini öndürýän “Şa tumar” bar, “Gala” atly egin-eşik fabrigi, “Aýdyň gijeler”, “Çigildem” ýaly hojalyk tehnikalaryny öndürýän kärhanalar bar, ýöne olar tehnikalary daşary ýurtlarda öndürilen önümleriň böleklerini getirip, Türkmenistanda taýyn önüm edip satýarlar. Hemme kişi bilýär, Türkmenistanda telewizorlaryň ekranlaryny, beýleki enjamlaryny, hatda ýekeje nurbatyny ýa-da simini öndürýän kärhana-da ýok, bu önümlere türkmen önümi diýip aýtmak hem aýtmak dogry däl, olara diňe Türkmenistanda ýygnalan önümler diýilse dogry bolar” diýip, ýerli ýaşaýjy ýurtda hakyky önümçilik üçin zerur bolan şertleriň ýokdugyny öňe sürdi.

Özüni oňarýan, gowy aýlyk berýän kärhanalar köpelmeýär

Şeýle-de, ýaşaýjylar Mary sebitindäki “Täze aý”, “Ýeňiş”, “Marguş”, Balkan sebitindäki “Batly gadam” ýaly birnäçe firmany agzap, şeýle kärhanalaryň kän däldigini aýdýarlar. Şol bir wagtda, türkmen metbugatynda ady agzalýan kärhanalaryň işleri bilen gyzyklanyp, olaryň web sahypalaryna girseň-de, kän maglumat alyp bolmaýar.

Resmi hasaba alnan we türkmen bazarynda üstünlikli işleýändigi aýdylýan kärhanalaryň azda bolsa bolmagyna garamazdan, Türkmenistandaky hususy kärhanalar ýurduň azyk we hojalyk tehnikalaryna bolan isleglerini we talaplaryny ödärden gaty daşda, türkmen bazarynyň köp harydy daşary ýurtlardan getirilýär diýsem, ulaltma bolmaz diýip, söhbetdeşlerimiziň biri türkmen önümleriniň hil meselesinde “gaty agsaýandygyny” öňe sürdi.

Aýdylmagyna görä, Türkmenistanda öndürilen diş pastalary ýa-da şampun, sabyn, kir ýuwujy paraşok ýaly harytlar hususy dükanlarda-da, bazarlarda hem kän göze ilmeýär. Satyjylar halkyň türkmen önümlerine kän isleg bildirmeýändigini, şu sebäpden ol harytlary satmaýandyklaryny aýdýarlar.

Bu pikiri Azatlyk bilen söhbetdeş bolan ýene bir ýasaýjy tassyklady.

“Türkmen kärhanalarynda öndürilen diş pastasy, soda, şampun, sabyn ýaly harytlaryň hili juda pes, daşary ýurtlaryň iň pes ýa arzan arassaçylyk serişdeleri hem türkmen önümlerinden kän esse gowy, muny bilmek üçin uly akyl gerek däl” diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.

Türkmen telekeçiligindäki esasy mesele ýa-da kynçylyk, döwlet tarapyndan ummasyz uly möçberde serişde goýberilýändigine, döwlet taslamalarynyň berilýändigine garamazdan, pul ýa-da walýuta konwertasiýasy, has anygy, hökümetiň erjellik bilen saklaýan iki walýuta kursy bolup durýar. Azatlyk bilen aýry-aýrylykda gürleşen adamlaryň birnäçesiniň pikirine görä, TSTB-niň öňki iki başlygynyň, Aleksandr Dadaýewiň we Döwran Hudaýberdiýewiň birden işini ýitirmegi döwletiň walýuta syýasaty bilen bagly diýlip çaklanylýar. Aýdylmagyna görä, “Rysgal” paýdarlar täjirçilik banky diýilýän, Merkezi bankdan ygtyýar berilmese, telekeçilere özbaşdak goldaw berip bilmeýär we hatda bu bankda pullaryny saklaýan telekeçileriň öz pullaryny yzyna almagynda hem kynçylyk döreýär.

Öňki telekeçileriň biriniň aýtmagyna görä, 2016-njy ýyldan ozal telekeçilerde “azda bolsa erkinlik bardy”, emma indi, daşary ýurtlardan haryt getirýän telekeçilere bank arkaly töleg etmekde döredilen köp sanly päsgelçilik sebäpli, pullaryny bank üsti bilen däl-de, bikanun ýollardan geçirýän telekeçiler köpelýär we bu birleşik öz ähmiýetini ýitirýär diýip, radionyň bir söhbetdeşi aýty.

Onuň sözlerine görä, pul, walýuta meselesindäki kynçylyklar eksport meselesinde hem gaýtalanýar, harytlaryny eksport etmek mümkinçiligine eýe bolan telekeçiler örän az.

“Gysgaça aýdylanda, telekeçileriň kanun esasynda, açyk-aýdyň işläp bilmezligi, çuň ornaşan korrupsiýa we parahorlyk sebäpli, bazar ykdysadyýetine geçileli bäri iş açyp, öz işini giňeldip, uly üstünlik gazanan, il içinde öz akyly, zähmeti bilen sylag alan tanymal telekeçiler ýa baýlar ýok, ýöne ýokarky ýolbaşçylaryň käbir garyndaşlarynyň birwagt dollarda millioner bolandygy çak edilýär” diýip, habarçy bilen anonimlik şertinde gürleşen ýaşaýjy aýtdy.

Telekeçileriň ýene bir kynçylygy bolsa, ýurtda metbugat, söz azatlygynyň bolmazlygy, kazyýetleriň garaşsyz işläp bilmezligi, netijede olaryň özüni we işini kanuny esasda gorap bilmezligi bilen bagly bolup görünýär.

“Ýönekeý telekeçiler baýap başlasa, hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri olaryň yzyna düşüp, ýalňyşyny tapmagyň, para bermäge mejbur etmegiň ugruna çykýarlar. Şu sebäpden, ýokarda güýçli goraglary bolmasa, iş başarýan telekeçiler hem jan edip işlemekden, has gurplanjak we işini giňeltjek bolmakdan gorkýarlar. Bu gorky olaryň işgärlerine berýän aýlyklaryna hem ýaramaz täsir edýär. Işini oňarýan telekeçiler öz işgärlerine, önümçilik kärhanasy bolsun ýa-da söwda dükanlary, ýyladyşhanalar, maldarçylyk, guşçulyk fermasy, tapawudy ýok, 800 manat, iň köp berende 3000 manada çenli aýlyk berýärler. Türkmenistanda bu aýlyk diňe garyplykda ýaşamak mümkinçiligini berýär” diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.

Synçylaryň köpüsiniň pikirine görä, Türkmenistan bazar gatnaşyklaryna diňe kagyz ýüzünde geçýär we iş ýüzünde oňa geçilmegine döwletiň ýalňyş pul syýasaty bilen birlikde, hossarsyz telekeçilere jenaýatçylar ýaly daraşylmagy, olaryň MHM edaralarynda esassyz we berk soraga çekilmegi ýaly zatlar böwet bolýar.

“Dollaryň iki kursunyň bolmagy diňe bu ýagdaýdan gowy peýdalanyp bilýän adamlar üçin bähbitli, eger ýönekeý raýatlar hem walýutany döwletiň kesgitlän bahasyndan alyp, erkin daşary ýurtlara gidip, haryt getirip bilsediler, onda haryt hem, salgyt töleýän adam hem köpelerdi” diýip, Wenada ýaşaýan türkmen aktiwisti Nurmuhammet Hanamow aýtdy.

Döwlet eýeçiligindäki metbugatyň maglumatlaryndan çen tutulsa, türkmen telekeçiliginde walýuta-manat, konwertasiýa we bank amallary meselesi-de, karz we korrupsiýa, hereket, internet çäklendirmeleri, wezipe hyýanatçylygy meseleleri ýok-da, diňe okgunly ösüş bar.

"Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça ýedi aýda oba hojalyk hem-de azyk önümleriniň öndürilişiniň möçberiniň ösüş depgini 167,9 göterime, senagat önümleriniň öndürilişiniň ösüş depgini 109,2 göterime deň boldy” diýip, TDH ýazýar. Döwlet habar gullugynyň anyklaşdyrman habar bermegine görä, Türkmenistanyň ilatynyň ýarysyndan gowragy hususy ulgamda işleýär.

Emma synçylaryň käbiri bu birleşik ýok wagtynda daşary ýurtlardan haryt getirmegiň häzirki ýaly kyn ýa-da diňe aýratyn alnan adamlara berilýän mümkinçilik bolmandygyny, TSTB monopoliýasynyň diňe az sanly adam üçin peýdaly bolandygyny, uly ile zyýan bolandygyny öňe sürýär.

"Meniň pikirimçe, bu birleşigi döredenler telekeçileriň hasabyna öz jübülerini doldurmak maksadyndan ugur aldylar, olardan ýönekeý adamlara hiç hili kömek” diýip, radionyň bir söhbetdeşi aýtdy. Onuň tassyklamagyna görä, bu birleşik döredilmänkä islän adam daşary ýurtlara gidip, dürli harytlary getirip başlapdy we bu derrew halkyň ýagdaýynyň gowulanyp başlamagyna täsir edipdi.

“Adamlar esasan Dubaýdan awtoulag getirip, olary oňaryp, geçen ýerinden satyp başladylar. Hojalyklarda ulanylan, ýöne gurat awtoulaglar köpelip başlady. Sebäbi söwdagärler getirýän harytlaryny elýeterli bahadan satýardylar we gazanan pullaryna ýene awtoulag ýa başga bir haryt getirmäge gidýärdiler. Emma Senagatçylar we telekeçiler birleşigi döredilensoň, ähli pudak ýokarky gatlagyň elinde bolar ýaly edildi. Ýönekeý halkyň gurplanmak, baýamak mümkinçiligi elinden alyndy. Meniň pikirimçe, bu birleşigiň şu güne çenli eden işleriniň ählisi birleşip, halkyň garyplaşmagyna getirdi” diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.

Aýdylmagyna görä, Türkmenistanda işsizlik uly mesele bolmagynda galýar. Ýöne işleýänler hem zordan güzeran aýlaýarlar, sebitlerdäki firmalarda işleýän işgärler iň kän alanda, 2 müň manat aýlyk alýarlar, ol hem belli-belli kärhanalarda diýip, Azatlygyň ýene bir söhbetdeşi aýlyklaryň juda pesdigine ünsi çekdi.

“Mysal üçin, Mary welaýatyndaky “Täze aý” firmasy öz işgärlerine 1000 manat aýlyk töleýär. Dynç güni ýok. Hasapçy bolup işleýän işgärler 2-3 müň manat aralygynda aýlyk alýarlar, ýöne sehlerde işleýän işgärleriň aýlyklary gaty az. Jogap alyp bolmaýar” diýip, maryly söhbetdeşimiz aýtdy.

Şeýle-de, ol ýurtda öz başarnygy bilen baýan telekeçileriň azda bolsa bardygyny, ýöne olaryň esasan daşary ýurtlara gidip ýaşaýandygyny gürrüň berdi. Emma Türkmenistanda öz ukyp-başarnygyna daýanýan telekeçileriň işi kyn, sebäbi beýleki telekeçiler birleşip, öz-özünden baýajak bolýan telekeçileri tiz wagtda batyrýarlar diýip, söhbetdeşimiz aýtdy. Bu hili telekeçileriň üstüne dürli ýerlerden we köp barlagçy ugradylýar, onsoň olar öz girdejilerini birnäçe bölege bölmeli bolýar. Edil şu wagtky gurnalan shema 90-njy ýyllardaky ýagdaýy ýatladýar. Şol döwürde telekeçiler kanunlaşan ogrulara öz paýlaryny berip, şolaryň goragy astynda işleýärdiler. Häzir telekeçiler ýokarda özlerini gorajak adamlaryň paýlaryny bermeli bolýarlar, eger şony etmeseler, olar derrew batýarlar diýip, radionyň söhbetdeşi aýtdy.

Türkmenistanda telekeçileriň düşýän kynçylyklary barada edilýän gürrüň kän, ýöne Azatlyk aýdylýan zatlary ýerinde barlap bilmeýär we häkimiýetler ýurtda açylan kärhanalar, olaryň işi, ýapylmagy bilen bagly anyk maglumatlary çap etmeýär.

Döwletiň telekeçilige berýän goldawy barada aýdylanda, bu goldaw diňe alyp bilýän adamlara, ýagny aýratyn adamlara berilýär, sada adamlara hiç zat ýok diýip, söhbetdeşlerimiz aýtdy.

“Banklardan kredit almak üçin birnäçe ýerde para bermeli bolýar. Aljak puluň ýarysy para gidýär. Umuman aýdanyňda, TSTB ýokardaky gatlagyň eline ähli pudagy jemläp berdi, halky garyplyga eltdi. Telekeçilige goýberilýän pullar, edilýän işler babatynda aýdyňlyk ýok we, meniň pikirimçe, munuň sebäbi halkyň pulunyň ogurlanmagynda. Ol pul hem kanunlaşdyrylyp ogurlanylýar” diýip, söhbetdeşimiz öz pikirini aýtdy.

Synçylaryň käbiri iň uly pul ogurlygynyň gurluşyklaryň üstünden edilýändigini öňe sürýär.

Resmi maglumata görä, “gurluşyk hem-de gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi... türkmen işewürleriniň örän üstünlikli özleşdiren pudaklarynyň biri” hasaplanýar.

TSTB-niň agzalary önümçilik we durmuş maksatly desgalary — ýaşaýyş jaýlaryny we zawodlary, mekdepleri, çagalar baglaryny, lukmançylyk we sport binalaryny, ýollary, raýat awiasiýasynyň düzümleýin desgalaryny hem-de beýlekileri gurýarlar. Hususy gurluşyk kompaniýalarynyň amala aşyrýan iri döwlet buýurmalarynyň hatarynda Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň, “Aşgabat-sitiniň” hem-de paýtagty ösdürmegiň 17-nji tapgyrynyň desgalarynyň gurluşyklary we beýlekiler bar.

Bellemeli ýeri, Türkiýede we Siriýada bolan weýrançylykly ýer yranmalaryndan soň, Türkmenistanda gyssanmaç ýagdaýda gurulýan we howul-hara ulanmaga berilýän ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki desgalaryň hili, ýerasty suwlaryň derejesiniň ýokary galmagy bilen bagly meselelere belli bir derejede üns berlip başlandy. Emma synçylar bu meselelerde hem aýdyňlygyň ýokdugyny we ýurtdaky ýapyklygyň hakykatda görülmeli howpsuzlyk çäreleriniň görlüp-görülmeýändigini barlamaga ýol bermejekdigini duýdurýarlar.

Şu aralykda “Türkmen.news” Aşgabatda 2021-nji ýylda açylan söwda merkeziniň binalarynyň diwarlarynda dörän jaýryklar we ony guran “Beýik Bina” kärhanasynyň ýolbaşçysy hakynda örän täsin maglumatlary çap etdi. Emma häkimiýetler, adatça bolşy ýaly, bu habarda aýdylýanlary ne tassyklady, ne-de ret etdi.

Türkmenistanda biznes, iş gatnaşyklaryny Türkiýede we Ysraýylda türkmen ilçisi bolan döwründen bäri berk yzarlaýan Nurmuhammet Hanamowyň pikiriçe, TSTB hakykatdanam uly we diňe aýratyn adamlar üçin gurlan korrupsiýa shemasy bolup görünýär.

Hanamowyň ýurt içindäki söhbetdeşlerine salgylanyp aýtmagyna görä, adamlar bu gurulýan desgalaryň köpüsini ‘bolgusyz, gerekmejek gurluşyklar’ diýip atlandyrýarlar.

Aktiwistiň we onuň ýurt içindäki pikirdeşleriniň pikiriçe, bu hili desgalara çykarylan çykdajylar kiçi, orta kärhanalary döretmäge harçlanan bolsa, bir topar iş ýeri döredilerdi, köp adam işläp, ýurt daşyna gitmän, öz maşgalasyny eklemäge mümkinçilik alardy.

Şeýle-de, Hanamow gurluşyklaryň aýry-aýry adamlaryň baýamagy, belli-belli adamlaryň jübüsi üçin ulanylýandygy barada aýdylýanlar bilen ‘doly ylalaşýar’. Ýöne ol bu ýalňyşlykdan indi el çekilse-de, zyýanyň ýaryndan gaýtmaga kömek etjekdigini belleýär.

“Hiçden giç ýagşy, Türkmenistan öz gurluşyk syýasatyny üýtgetse, halkyň aladasyny etse, şu mahalam giç däl” diýip, N.Hanamow Azatlyk bilen telefon söhbetdeşliginde aýtdy.

Maglumat üçin aýdylsa, türkmen prezidenti geçen aýyň aýagynda ýene-de iki sany gurluşyk şertnamasynyň baglaşylmagyna ygtyýar berdi. Olaryň biri Çoganly ýaşaýyş toplumynda “Nowa hyzmat” hususy kärhanasy tarapyndan guruljak döwrebap medeni-dynç alyş seýilgähi bolsa, ikinjisi Aşgabatda “Döwlet Gurluşyk” hojalyk jemgyýeti tarapyndan guruljak 4 müň orunlyk medeni merkez bolar. Bu taslamalaryň bahasy we oba, etrap ýerlerindäki ýollaryň, köprüleriň onlarça ýyl bäri idege garaşýan wagtynda näme üçin birden şeýle zerur bolandygy aýdylmaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG