Aşgabatda ýerasty suwlary çekmek üçin birnäçe uly drenaž tuneli gurlar. Türkmenistanyň habar beriş serişdelerinde olaryň 2030-njy ýyla çenli Aşgabadyň eteginde peýda boljagyny habar berdiler. Soňky ýyllarda ýerasty suwlar meselesi milliardlarça dollarlyk desgalaryň käbiriniň gurulmagyna, beýlekileriniň işlemegine päsgelçilik döredipdi.
Öňümizdäki ýyllarda Aşgabadyň eteginde we töwereklerinde zeý suwlaryny akdyrmak üçin üç sany uly ýerasty kollektoryň gurluşygyna başlandy diýip, türkmen metbugaty paýtagt administrasiýasynyň baş inžereneri Arslan Amangeldiýewe salgylanyp, habar berdi.
Taslamanyň çäginde 2030-njy ýyla çenli 12 metrden 20 metre çenli çuňlukda, diametri üç metr bolan üç sany zeý-aragatnaşyk ötügi gurlar. Birinji ötük Gurbansoltan eje şaýolunyň ugrundan geçip, 90 gektar meýdan aralygyndaky ýaşaýyş we dolandyryş desgalaryny suw basmagyndan gorasa, ikinji ötük paýtagtyň “Çoganly” ýaşaýyş jaý toplumyndaky kottejleri gorar diýip, habarda onuň awtoulag terminalynyň binasyndan şäheriň daşynda ýerleşýän KOS-300 suw arassalaýjy desgasyna çenli uzajakdygy, üçinji ötügiň bolsa Şor-Garadamagyň çäginden KOS-300 suw arassalaýjy desgasyna çenli aralykdan geçiriljekdigi aýdylýar.
Hasabatda desgalaryň ýüzlerçe gektar ýeri suw joşmasyndan gorap biljekdigi, paýtagtyň etegindäki dolandyryş binalaryň howpsuzlygyny kepillendiriljekdigi bellenýär.
Planlaşdyrylan zeýkeş desgalarynyň belli bir gurluşyk proýektiniň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşygy hasabatda görkezilmeýär.
Soňky ýyllarda ýerasty suwlary guratmak meselesi, hususan-da, "Aşgabat-siti" şäherçesiniň gurluşygy bilen baglanyşykly gozgalypdy. 2020-nji ýylda başlanan proýekt bir ýyldan hünärmenleriň topragyň durnuksyzlygy problemasyna ünsi çekenden soň togtapdy. Şol wagt prezident bolan Gurbanguly Berdimuhamedow täze şäher üçin saýlanan ýerde inženerlik we gözleg işlerini geçirmegi hem durnuksyz topragy berkitmek üçin zerur çäreleri görmegi buýurypdy.
Proýekte gatnaşygy bolan birnäçe hünärmen "Aşgabat-siti" şäherçesiniň gurluşyk meýdançasynyň ep-esli böleginde ýer ýüzüne golaý geçýän ýerasty suwlaryň tapylandygyny aýdypdy. Şunuň bilen baglylykda, proýekt düzüjileriň onlarça belent binalary öz içine alýan şeýle uly toplumyň gurluşygynyň uly töwekgelçilik döredip biljekdiginden howatyrlandylar.
Türkmen häkimiýetleri "Aşgabat-siti" şäherçesiniň täze paýtagta öwrülmegine garaşypdy. Taslamanyň eskizine görä, toplumyň bir bölegi hökmünde 12-35 gat beýikligi bolan 200-den gowrak beýik bina gurulmalydyr. Resmi habarlarda täze şäheriň gurluşygyna sarp edilen puluň mukdary agzalmady. Şeýle-de bolsa, Gurbanguly Berdimuhamedow ozalky çykyşlarynda 2021-nji ýylda ýurtda umumy bahasy 37 milliard dollarlyk gurluşyk taslamalarynyň durmuşa geçirilendigini birnäçe gezek aýdypdy.
2030-njy ýyla çenli gurulmagy planlaşdyrylýan ýerasty suwlary çekmek boýunça üç sany tuneliň gurluşygyny, ýerasty kollektorlary, zeýkeş ulgamlary ýaly desgalaryny gurýan “Interbudmontazh” ukrain kompaniýasy amala aşyrar.
"Aşgabat-siti" proýektiniň ýerine ýetirilişine syn edýän aşgabatly çeşme zeýkeş kollektorlarynyň yglan edilen gurluşygy "Aşgabat-siti" şäherçesiniň togtap galan gurluşygyny janlandyrmak maksady bilen bagly diýip, pikir edýär we guruljak tuneller bu desganyň töweregindäki ýerasty suwlaryň derejesini peseltmäge gönükdiriler diýýär. "Görnüşinden, häkimiýetler ýerasty suwlaryň derejesini peseltmezden gurluşygyň mümkin däldigine düşündiler. Ýöne gurljak tunelleriň ähli taslamanyň bahasyny näçeräk ýokarlandyrjakdygyny çak etmek kyn" - diýip, anonim gürleşen çeşme aýtdy.
Hünärmenler Aşgabatdaky we onuň töweregindäki toprak aýratynlyklarynyň soňky ýyllarda Aşgabatda gurlan uly desgalara howp salýandygyny bellediler. Mysal üçin, 2017-nji ýylyň ýanwar aýynda ýerasty suwlar sebäpli Aşgabadyň halkara howa menziliniň binasy çöküp başlapdy. Bu meseläni çözmäge "Bouygues Construction" fransuz gurluşyk kompaniýasynyň hünärmenleri gatnaşdy.
Aşgabatdaky we onuň töweregindäki gurluşyklarda tejribesi bolan birnäçe gidrologyň pikiriçe, Aşgabat şäheriniň gurluşygynda esasy, ýöne ýeke-täk däl mesele ýerasty suwlaryň ýer ýüzüne ýakyn bolmagy. Käbir bilemenler bu suwlardan dynmak tas mümkin däl diýip, pikir edýärler we bu ýerasty suwlaryň tebigaty dürli-dürli bolup, olaryň esasy çeşmesi Garagum kanaly we kanaldan suw alýan Gurtly suw howdany diýip belleýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.