Telegram, häkimiýetleriň ýüzlenmesi esasynda, ulanyjylaryň telefon belgilerini we IP salgylaryny äşgär eder diýip, habarlaşma tilsiminiň esaslandyryjysy we ýolbaşçysy Pawel Durow 23-nji sentýabrda yglan etdi.
“Jenaýatçylary Telegramyň gözleginden hyýanatçylykly peýdalanmagynyň mundan beýläk hem öňüni almak tagallalarynyň çäginde, biz özümiziň Ulanyş şertlerimizi we Gizlinlik syýasatymyzy üýtgedip, munuň dünýä boýunça birmeňzeşligini üpjün etdik. Biz düzgünlerimizi bozanlaryň IP salgylarynyň, kanuny ýüzlenmeleriň esasynda, degişli resmilere äşgär edilip bilinjekdigini açyk beýan etdik” diýip, Durow Telegramda ýazdy.
Asly russiýaly Durow geçen aý Parižde saklanypdy we 5.5 million dollaryň öwezine girewine goýberilipdi. Ol “onlaýn platformasyndaky dolandyryşyň gatnaşmagynda, guramaçylykly toparyň çäginde bikanun tranzaksiýalary amal etmekde” güman edildi.