Owganystanyň “Talyban” ýolbaşçylygyndaky hökümeti maýda Bamiýan sebitinde üç ispan syýahatçysynyň öldürilmegi, şeýle-de sentýabryň ortasynda Kabulda resmilere edilen hüjüm bilen ilteşikli bolmakda aýyplanyp, “Yslam döwleti” toparynyň agzasy bolmakda güman edilýän ençeme şahsyň tussag edilendigini habar berdi. Olaryň sany aýdyňlaşdyrylmady.
30-njy sentýabrda “Talybanyň” metbugat wekili Zamihullah Mujahidiň X ulgamynda galdyran ýazgysyna görä, “Yslam döwleti – Horasan” toparynyň agzasy bolmakda güman edilip saklananlaryň arasynda täjik raýatlary hem bar.
Ol täjik raýatlarynyň, Owganystanda hüjümleri amala aşyrmak üçin, goňşy Pakistandan gelendiklerini öňe sürdi. Onuň sözlerine görä, “Yslam döwleti – Horasan” toparynyň söweşijileri Pakistanyň Bulujystan we Khyber Pakhtunkhwa sebitlerinde, käbir aňtaw gulluklarynyň hemaýaty bilen, gizlenýärler. Ol aýdanlaryna delil getirmedi.
Yslamabat jeňçilere buky pena berýändigi baradaky ozalky edilen aýyplamalary inkär edipdi.