Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Talyban" BMG-niň adam hukuklary boýunça wekiliniň Owganystana girmegini gadagan edýär


Riçard Bennet
Riçard Bennet

Owganystanyň "Talyban" dolandyryjylary BMG-niň Adam hukuklary boýunça ýörite hasabatçysy Riçard Bennetiň ýurda girmegini gadagan etdi diýip, Owganystanyň hususy “Tola” neşiri metbugat wekili Zabihullah Mujahidiň sözlerine salgylanyp habar berdi.

Mujahid Benneti Owganystandaky ýagdaý barada "ýalan" maglumat bermekde we "propaganda" ýaýratmakda aýyplady.

Bennet bu gadagançylygy "bir ädim yza" diýip atlandyrdy we "Talybanyň" Birleşen Milletler Guramasy we halkara jemgyýetçiligi bilen adam hukuklary babatynda edilmeli gatnaşyk boýunça "aladaly yşarat edýändigini" aýtdy.

Bennet Owganystanyň adam hukuklary ýagdaýyna gözegçilik edýän ýörite wekiliň wezipesine 2022-nji ýylda bellendi.

Ol Owganystana birnäçe gezek sapar etdi we ynsan hukuklarynyň bozulmalaryna, hususan-da owgan aýal-gyzlarynyň ýüzbe-ýüz bolýan çynlakaý hukuk bozulmalaryna ünsi çekdi.

XS
SM
MD
LG