Täjik oppozisiýa onlaýn tele neşiriniň direktorynyň dogany Asliddin Şaripow, näbelli aýyplamalar esasynda, 12 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi diýip, 29-njy iýulda onuň ýakyn egindeşleriniň biri Azatlyga gürrüň berdi.
Onuň maglumatyna görä, Şaripowa höküm martda çykarylypdyr, şeýle-de ol häzir Täjigistanyň paýtagty Duşenbäniň düzediş koloniýasynda saklanylýar.
Şaripow Şawkat Muhammadiniň doganydyr. Muhammadi Ýewropa Bileleşiginiň çäginde ýaşap, oppozision Paýom onlaýn tw kanalyna ýolbaşçylyk edýär.
2022-nji ýylyň sentýabrynda Russiýanyň Ýekaterinburg şäheriniň polisiýasy Şaripowy tussag etdi we 2023-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda ony Täjigistana ekstradisiýa etdi.