Duşenbäniň sudy Täjigistanyň hökümetiniň ýiti tankytçysy bolan oppozisiýa toparynyň liderini we onuň ýene bir agzasyny “ekstremizmde” günäli tapyp, uzak möhletleýin türme tussaglygyna höküm etdi.
“Topar 24” guramasynyň lideri Suhrob Zafar 30 ýyl tussaglyga, Nasimjon Şarifow hem 20 ýyl türmä höküm edildi.
Bu baradaky kazyýet kararlary bir hepde mundan ozal çykaryldy diýip, 17-nji oktýabrda Azatlygyň çeşmeleri mälim etdi.
“Topar 24” telekeçi Umarali Kuwatow tarapyndan esaslandyryldy. 2015-nji ýylda Türkiýede onuň janyna kast edildi.
Topar täjik hökümetini ýiti tankytlaýar we demokratiki özgertmeleriň/reformalaryň tarapynda çykyş edýär.
Täjik emeldarlary ony “ekstremist” diýip ykrar etdiler, emma Zafar we toparyň beýleki agzalary terror işlerine gatyşyklarynyň ýokdugyny aýdyp, öz alyp barýan işleriniň diňe parahatçylyklydygyny nygtaýarlar.
Kazyýet diňlenişiginiň dowamynda Zafar we Şarifow soňky söz çykyşlarynda hiç hili ökünç beýan etmediler. Mundan başga-da hiç kime zyýan ýetirmändiklerini we öz halkyna dönüklik etmändiklerini aýtdylar.
Çeşmeler bu iki şahsyň suduň kararyna şikaýat etmek mümkinçilikleriniň azdygyny belleýärler. Zafar türmä, hatda ölmäge hem taýýardygyny aýdypdy.