Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistanyň kazyýeti agdarylyşyk synanyşygynda günäkärlenýänlere ýyl kesdi


Täjigistanda döwlet agdarylyşygy bilen baglanyşykly günäkärlenýänler. Çepden saga: Saidjafar Usmonzoda, Akbarşo Iskandarow, Hamrohon Zarifi, Şokirjon Hakimow, Ahmadşoh Komilzoda, Abdulfaýz Atoý.
Täjigistanda döwlet agdarylyşygy bilen baglanyşykly günäkärlenýänler. Çepden saga: Saidjafar Usmonzoda, Akbarşo Iskandarow, Hamrohon Zarifi, Şokirjon Hakimow, Ahmadşoh Komilzoda, Abdulfaýz Atoý.

Täjigistanyň Ýokary kazyýeti 5-nji fewralda "döwlet agdarylyşygy” synanyşygynda aýyplanýanlara garşy höküm çykardy.

Ýyl kesilenleriň arasynda onlarça öňki resmi, syýasatçylar we žurnalistler, şol sanda öňki daşary işler ministri, Ýokary Geňeşiň öňki başlygy we howpsuzlyk gullugynyň pensiýa çykan ýolbaşçylary bar.

Häzirki wagtda öňki daşary işler ministri Hamrohon Zarifiniň 27 ýyl, Sosial Demokratik Partiýanyň başlygynyň birinji orunbasary Şokirjon Hakimowyň 18 ýyl, Demokratik partiýanyň başlygynyň öňki orunbasary Ahmadşoh Komilzodanyň bolsa 18 ýyl azatlykdan mahrum edilendigi mälim.

Mundan başga, kazyýet Şokirjon Hakimowyň ýegeni, žurnalist Ruhşona Hakimowa 8 ýyl iş kesdi.

Täjik häkimiýetleri ony döwlete dönüklikde aýyplady, ýöne onuň anyk nämede aýyplanandygy belli däl, onuň kazyýet işi gizlinlikde saklanylýar.

Azatlygyň Täjik gullugynyň maglumatyna görä, jenaýat işiniň açylmagyna žurnalistiň Hytaýyň Täjigistana edýän täsiri barada ýazan makalasy sebäp bolupdyr.

XS
SM
MD
LG