Belli täjik žurnalisti we Täjigistanyň Demokratik Partiýasynyň başlygynyň birinji orunbasary Ahmadşoh Komilzoda tussag edildi diýip, Azatlyk Radiosynyň täjik kanun goraýjy edaralaryndaky bir çeşmesi 27-nji iýunda mälim etdi.
Bu iş bilen bagly köp jikme-jik häzirlikçe doly takyk däl. Kanun goraýjy resmiler entek bu barada resmi beýanat çykarmadylar. Komilzodanyň maşgala agzalary bilen hem habarlaşmak başartmaýar.
Anonimlik şertinde maglumat beren çeşmäniň sözlerine görä, Komilzoda 15-nji iýundan bäri deslapky tussag ediş merkezinde saklanylýar. Ol başga goşmaça maglumat bermekden saklandy.
Täjigistanyň Baş prokuraturasyndaky ýene bir çeşme hem onuň tussag edilendigini tassyklady. Şeýle-de onuň sözlerine görä, 16-njy iýunda Komilzodanyň öýi dökülipdir, kompýuterleri, bellikleri we telefony ele salnypdyr.
Çeşme Komilzodanyň saklanmagynyň Saidjafar Usmonzodanyň işi bilen ilteşiklidigini hem sözüne goşdy. Demokratik Partiýanyň ozalky başlygy we parlamentiň agzasy Usmonzoda 12-nji iýunda “hökümeti agdarmak synanyşygy” diýen aýyplama esasynda tussag edilipdi.