Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tagtabiti Balkana bardy


Günbatar welaýatyň syýahatçylyk sebitleri tagtabitinden ejir çekýär. Bezeg suraty.
Günbatar welaýatyň syýahatçylyk sebitleri tagtabitinden ejir çekýär. Bezeg suraty.

Hazar deňziniň ýakasynda ýerleşýän Türkmenbaşy şäheriniň köp gatly jaýlarynyň ençemesinde we Awaza milli syýahatçylyk zolagynyň kaşaň myhmanhanalarynda soňky bir aý bäri tagtabiti köpelýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 26-njy dekabrda sebitden maglumat berdi.

Deňiz kenaryndaky şypahana zolagynda ýerleşýän myhmanhanalaryň ýolbaşçylary öňümizdäki dynç alyş möwsümine çenli otaglary tagtabitinden halas etmäge çalyşýarlar.

Bir myhmanhana işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen anonim söhbetdeşlikde zyýanly mör-möjekleriň şäherde soňky bir aý bäri peýda bolandygyny gürrüň berýär.

“Soňky bir aý bäri Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň hünärmenleri himiki serişdeleri ulanyp, birnäçe gezek myhmanhana otaglaryny tagtabitinden arassalamaga çalyşdy” diýip, bir myhmanhana işgäri anonim şertlerde Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Sebit resmileri öňümizdäki dynç alyş möwsümine çenli kurort şäherini zyýanly mör-möjeklerden, tagtabitinden arassalamagy nazarlaýar. Syýahatçylyk pudagynyň işgärleri gözleriniň öňünde köpelip barýan mör-möjeklere syn edip, bu wezipäniň hötdesinden gelmekde arassaçylyk gullugynyň işgärlerine bil baglaýar.

Kaşaň myhmanhanalardan tapawutlylykda, döwlet arassaçylyk gullugynyň işgärleri tagtabitinden ejir çekýän Türkmenbaşy şäheriniň ýaşaýjylaryna çözgüt hödürläp bilmeýär.

“Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy Awazadaky döwlet gözegçiligindäki myhmanhanalardan habar alýar, ýöne ilatyň halyndan habar almaýar. Türkmenbaşy şäheriniň etrapçalary tagtabitinden ejir çekýär” diýip, bir şäher ýaşaýjysy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna maglumat berdi.

“Ne häkimlik habar alýar, ne arassaçylyk gullugynyň etrap bölümçeleri ýardam berýär” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Awazada Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan syýahatçylyk pudagynyň işgärleri tagtabitiniň bir aý töweregi mundan ozal Aşgabatdan baran myhmanlaryň üsti bilen şähere aralaşan bolmagynyň mümkindigini aýdýarlar.

Ýatlasak, tomus aýlarynda paýtagt Aşgabadyň ençeme ýaşaýyş jaýlarynda, myhmanhanalarda we çagalar baglarynda tagtabiti peýda boldy. Şäher ýaşaýjylary mör-möjeklerden ejir çekdi.

Hünärmenler tagtabitiniň köplenç bir ýerden başga ýere sapar edýän adamalaryň öý goşlarynyň, el goşlarynyň, ýa-da egin-eşikleriniň üsti bilen göçüp-gonýandygyny, ýaýraýandygyny aýdýarlar. Bu mör-möjekler gan bilen iýmitlenýär, hususan-da adamyň gany tagtabitiniň iň arzyly iýmit bolup durýar. Bitiň dişlän ýeri gyzarýar we gijeýär.

Türkmenbaşy şäherinde tagtabitine garşy giňden ulanylýan himiki serişdäniň bahasy soňky birnäçe hepdäniň dowamynda 150 manatdan 1400 manada çenli ýokarlanypdyr.

Azatlygyň habarçylary iýunyň ortalarynda paýtagtyň ýaşaýyş jaýlarynda tagtabitiniň peýda bolandygyny habar berdiler. Şonda zibilhanalarda öý goşlary has köp peýda bolup başlady. Käbir ýaşaýjylar tagtabitinden dynmak üçin ýorgan-düşeklerini we beýleki öý goşlaryny zyňyp başlady.

Şondan bir hepde soňra, Aşgabatda tagtabitiniň dişlemegi bilen saglyk ýagdaýy ýaramazlaşyp, keselhanalara ýüz tutýan adamlar hasaba alnyp başlandy. Ýaşaýyş jaýlary dezinfeksiýa edildi, zyýansyzlandyryldy.

Garaşsyzlyk baýramçylygynyň öňüsyrasynda, şäheriçi hereketiň ýygjamlaşmagy bilen, tagtabiti Aşgabadyň myhmanhanalaryna-da aralaşyp başlady. Baýramçylyk çärelerine gatnaşmak üçin sebitlerden paýtagta baran adamlar myhmanhanalarda tagtabiti sebäpli, gijelerine arkaýyn uklap bolmaýandygyny gürrüň berdiler.

Noýabryň başlarynda Aşgabadyň mekdebe çenli bilim edaralarynda tagtabitine garşy göreşmek üçin ene-atalardan pul ýygnalyp başlandy.

Azatlyk Radiosy Awaza we Türkmenbaşy şäherlerinde tagtabitiniň ýaýramagy barada sebit resmilerinden teswir alyp bilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG