Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň ýaşaýjylary tagtabitden ejir çekýärler we göreş usullaryny oýlap tapýarlar


Türkmenistan. Tagtabit we beýleki mör-möjeklere garşy göreşi hödürleýän bildirişler köp ýerde göze ilýär.
Türkmenistan. Tagtabit we beýleki mör-möjeklere garşy göreşi hödürleýän bildirişler köp ýerde göze ilýär.

Türkmenistanda tagtabitiň ýaýramagy dowam edýär. Gan sorýan bu mör-möjekleriň ýaşaýyş jaýlarynda we köpçülik ýerlerinde ýaýraýan wagtynda ýaşaýjylaryň ençemesi özbaşdak çäre görmäge mejbur bolýarlar, häkimiýetler bolsa, meseläniň bardygyny agzamaýarlar.

Aşgabadyň we beýleki şäherleriň ýaşaýjylary, tagtabite garşy göreşmegini dowam etdirýärler.

Paýtagt ýaşaýjylary sanitariýa we epidemiologiýa stansiýasynyň hem-de jaý dolandyryş edaralarynyň raýatlaryň arz-şikaýatlaryny diňlemeýändigini aýdýarlar: "Aşgabatda we beýleki şäherlerde häkimiýetler tagtabitiň ýaýramagyna garşy göreşe taýyn däl ýaly görünýär. Ýaşaýjylar ejir çekýärler, ýöne özbaşdak hiç zat edip bilmeýärler" - diýip, Aşgabadyň ýaşaýjys aýdýar.

Bu şertlerde ilat özüçe köplenç netijesiz usullar arkaly mör-möjeklere garşy göreşmäge mejbur bolýar.

"Olar şeýle bir kiçijik we açyk reňkli, diňe ulalyp, reňki garalansoň olary görüp we tutup bolýar. Olary tutmak we ýok etmek kyn. Mynjyratjak bolsaň içinden ak reňkli möjekleriň ençemesi çykýar we munuň soňy bolmaýar. Netijeli hasaplanýan usul hökmünde adamlar tagtabiti tutup, hlor erginli gaba salyp ýok etmäge çalyşýar"- diýip, aşgabatly söhbetdeşimiz aýdýar.

Paýtagtyň ýaşaýjylarynyň gürrüň bermegine görä, tagtabit öýde dörän wagtynda köp bir göze ilmeýär, bu bolsa, olara garşy wagtynda göreşmegi kynlaşdyrýar.

"Olar başda köp görünmeýär, köpler olara üns hem bermeýär. Emma bir hepdeden soň birden şeýle bir köpelýär welin, gijelerine uklap bolmaýar. Bedeniň ähli ýerini, aýaklary gyzyl tegmiller örtýär, gijäp, çydap bolmaýar, gaşan ýerleriň ýara bolýar. Soňra munuň tagtabitdigi belli bolýar, ýöne oňa garşy göreşmek üçin gaty giç bolýar" - diýip, Aşgabadyň ýaşaýjysy aýdýar.

Bu aralykda, şäheriň köp ýerlerinde mör-möjekleri ýok etmegi teklip edýän bildirişlere duş gelse bolýar.

Ýerli bilrmenler mör-möjekleri ýok etmek üçin ýörite serişdeleriň ulanmalydygyny, ýöne Türkmenistanda olary satuwda tapmagyň kyndygyny belleýärler. Olaryň sözlerine görä, köplenç ulanylýan serişdeler şeýle zäherli welin, olary ulanandan soň köpler birnäçe günläp jaýlaryndana daşda bolmaga mejbir bolýarlar.

Azatlyk Radiosynyň Aşgabadyň sanitariýa we epidemiologiýa edarasyndan resmi düşündiriş almak üçin eden synanyşyklary netije bermedi.

Tagtabitiň köpçülikleýin ýaýramagy tomsuň başynda mälim boldy. Tagtabit dişlän soň hassahana ýüz tutanlar hem boldy.

Aşgabadyň ýaşaýjylarynyň belleýşi ýaly, tagtabit, büre we beýleki mör-möjekler şäherde hemişe bardy, ýöne häzirki wagtda olar esli köpelipdir. Mälim bolan wakalaryň ençemesinde olar ulanylan öý goşlar satyn alnandan soň döräpdir, emma bu mör-möjegiň täze mebel satyn alandan soň tapylmagyna degişli ýagdaý barada hem habar berlipdi.

Tagtabit paýtagtdaky myhmanhanalarda hem köp duş gelip başlady. Keselhanalarda umumy arassaçylyk şertleriniň ýaramazlygy bilen birlikde tagtabitleriň bolmagy näsaglara goşmaça azap berýär.

Tagtabitleriň ýaýramagy bilen bagly ýagdaýlar soňky aýlarda beýleki ýurtlarda-da ýüze çykdy. Olary ýok etmek boýunça görlen käbir çäreler betbagtçylyga hem sebäp boldy. Şu aýda Gazagystanda köp gatly ýaşaýyş jaýda tagtabiti ýok etmek üçin geçirlen çäreden soň iki sany çaga heläk boldy. Aktau şäherinde bolan bu ýagdaý barada gazak mediasy 21-nji oktýabrda habar berdi. Şol habarlara görä, tagtabiti ýok etmek üçin ulanylýan derman ýaşaýyş jaýlarynda dezinfeksiýa etmek üçin niýetlenmändir.

Fransiýanyň hem tagtabitiň ýaýramagy bilen ýüzbe-ýüz bolanygy habar berildi. Media maglumatlarynda öýlerde, myhmanhanalarda, jemgyýetçilik ulaglarynda we beýleki köpçülik ýerlerinde tagtabitiň göze ilendigi habar berildi. Fransuz hökümeti gan sorýan mör-möjekleriň sanynyň düýpgöter köpelendigi baradaky habarlardan halky "goramak we köşeşdirmek" üçin çäre görjekdigini aýtdy diýip, CNN habar berdi.

Tagtabitiň köpelmeginiň esasy sebäbi arassaçylyk şertleriniň berjaý edilmezligi bilen baglanyşdyrylýar. Bu mör-möjek adamyň gündelik eşiklerine aralaşýar we gizlenýär. Şeýle hem olar islendik elektronik gurallarda, kitaplarda bolup bilýär. Ulanylan mebelleri satyn almak tagtabitiň bir ýerden başga ýere ýaýramagynyň iň aňsat usuly hasaplanýar.

Aç tagtabiti mehaniki usul bilen ýok etmek kyn bolýar, oňa garşy iň täsirli serişde mör-möjeklere garşy ýörite himiki serişdeleri ulanmakdyr diýip, bilermenler aýdýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG